HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Kamboja Patyşalygynyñ täze Ilçisi bellenildi

Awgust 26, 2024 | 19:10 |10456
Kamboja Patyşalygynyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çea Türkmenistanyñ Mejlisiniñ Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.Kamboja Patyşalygynyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çea Türkmenistanyñ Mejlisiniñ Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.
Çeşme: mejlis.gov.tm / mfa.gov.tm

Kamboja Patyşalygynyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çea Türkmenistanyñ Mejlisiniñ Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy.

Duşuşyk duşenbe güni, 26-njy awgustda geçirildi. Ilçi ýurdumyzyñ içeri we daşary syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlary, milli parlamentiñ düzümi we dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgerişleriñ kanun çykarykylyk üpjünçiligi bilen tanyşdy. Mejlisiñ saýtynda habar berilişi ýaly, taraplar halkara parlament düzümleriniñ çäklerindäki gatnaşyklary işjeñleşdirmäge taýýardygyny bellediler.

Sok Çea Kamboja Patyşalygynyñ Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga isleg bildirýändigini aýratyn belläp geçdi.

Şol gün Kambojanyñ ilçisi (hemişelik oturýan ýeri Ankara ş.) Türkmenistanyñ DIM-ne baryp, daşary işler ministriniñ orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşdy.

26082024-v-turkmenistane-akkreditovan-posol-korolevstva-kambodzha (2).jpg

Diplomatlar halkara we sebit derejesinde, esasan hem BMG-niñ çäklerinde oñyn hyzmatdaşlyk tejribesini belläp, syýasy-diplomatik dialogynyñ ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyñ we sergileriniñ geçirilmegi bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meselelerine garadylar.

Türkmen DIM-niñ habarlar gullugynyñ habar bermegine görä, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynyñ giñeldilmegine, ylym, bilim, medeniýet we syýahatçylyk pudaklary boýunça tejribe alyşylmagyna gyzyklanma bildirildi.

26082024-v-turkmenistane-akkreditovan-posol-korolevstva-kambodzha (1).jpg

Türkmenistan we Kamboja Patyşalygy 1995-nji ýylyñ 6-njy aprelinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular. Kamboja Patyşalygyndaky (hemişelik oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowdyr (Malaýziýadaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi). Ol 2023-nji ýylyñ awgustynda Kambojanyñ Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy.

Şeýle-de iki ýurduñ arasynda syýahatçylyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin Türkmenistan bilen Kambojanyñ arasynda göni howa gatnawyny girizmek barada maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026