HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Agaçdaky roýal, Kids expo: Aşgabatda geçirilýän çagalaryň sergisinde ýaş zehinler çykyş etdi

Awgust 22, 2024 | 20:00 |10805
Aşgabatly çagalarynyň soňky dynç alyş günleri Kids Expo göwrümli sergi-ýarmarkasy bilen häsiýetlendirildi. Beýleki pawilýonlar bäsleşiklere, ýaryşlara, oýunlara, we ussatlyk sapaklara üns beren bolsalar, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mahabat dolandyrmak pawilýony özboluşly aýratynlyk bilen tapawutlandy.Aşgabatly çagalarynyň soňky dynç alyş günleri Kids Expo göwrümli sergi-ýarmarkasy bilen häsiýetlendirildi. Beýleki pawilýonlar bäsleşiklere, ýaryşlara, oýunlara, we ussatlyk sapaklara üns beren bolsalar, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mahabat dolandyrmak pawilýony özboluşly aýratynlyk bilen tapawutlandy.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatly çagalarynyň soňky dynç alyş günleri Kids Expo göwrümli sergi-ýarmarkasy bilen häsiýetlendirildi. Beýleki pawilýonlar bäsleşiklere, ýaryşlara, oýunlara, we ussatlyk sapaklara üns beren bolsalar, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mahabat müdirliginiň pawilýony özboluşly aýratynlyk bilen tapawutlandy.

Gelenleriň ählisiniň üns çekiji merkezi “çogdumdaky roýal” bolup, onun daşynda ýaş zehinleriň kiçirägem bolsa, edermen we dogumly topary ýygnaldy. Sergide çykyş eden “Kids music brand” toparynyň owadan suratlaryny we wideolaryny ýurdumyzyň köpsanly neşirlerinde we teleýaýlymlarynda görmek boldy. Indi bolsa, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mahabat müdirliginiň pawilýonynyň atsyz gahrymanlary bilen tanyşmak pursady geldi.

Bu täze ýyldyz - pianist we başlangyç kompozitor Tylla Şirowa, ýaş skripkaçy gyz, hakara ýaryşlaryň ýeňijisi Sona Nasyrowa, wokal aýdymçysy we çaga teatrynyň artisti Roza Çaryýewa, şeýle hem okaýjy, köpsanly ýaryşlaryň ýeňijisi Aýhan Orazdurdyýew dagylar. Olara akkompaniatorçylyk eden zehinli pianino sazandalary Sakina Aliýewa we Naina Kulyýewa.

22082024-kids-expo-yunye-muzykanty-vystupili-na-detskoj-vystavke-v-ashhabade (2).jpg

“Kids music brand” toparynyň çykyşy ähli gelen mymanlary özüne çekdi. Köpüsi olaryň ýanynda durup, ýaş sazandalara sorag berip, surata düşüp, olardan interwýu hem aldylar.

Konsert esasan hem türkmen kompozitory Aýna Şirowanyň eselerinden ybaratdy. Saz burçunda diňleýjiler üçin niýetlenen oturgyçlar goýulmadyk bolsa-da, ýaş sazandalar töweregine köp adamlary jemläp, gabadyndan geçenler hem ädimlerini haýalladyp, boýunlaryny uzadyp, mukamyň nireden ýaňlanýandygny bilmek islediler.

22082024-kids-expo-yunye-muzykanty-vystupili-na-detskoj-vystavke-v-ashhabade (4).jpg

Çykyş “Çaga albomyndan” fortepiano üçin pýesasy bilen başlandy. Açylyşa gatnaşan dipomatik wekilhanalarynyň wekilleri hem Tylla Şirowanyň ýokary pianistik derejesini belläp, oňa sazçylyk işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Sona Nasyrowa konsertmeýster Sakina Aliýewa bilen ikilikde A.Şirowanyň gündogar mukamlaryny ýerine ýetirdiler. Sazandalaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen utgaşdyrylan çylşyrymly mukamlar we reňbe-reň sazlaşyklar diňleýjilere diýseň ýarady. Aýna Şirowanyň Hemra Şirowyň goşgularyna düzen “Tüýdüjikler” aýdymy Roza Çaryýewa tarapyndan çaga göwnaçyklygy bilen şowhunly ýerine ýetirildi. Aşgabatda iň ökde okaýjy hökmünde tanalýan Aýhan Orazdurdyýew bolsa Hemra Şirowyň “Merediň mekdebe ýygnalyşy” diýen goşgusyny çeperçilikli ýerine ýetirdi. Soňunda bolsa Tylla özüniň iň gowy görýän Mämmet Guseýnowyň “Bagşy” diýen pýesasyny ýerine ýetirdi.

22082024-kids-expo-yunye-muzykanty-vystupili-na-detskoj-vystavke-v-ashhabade (7).jpg

Konsert diýseň üstünlikli boldy, sebäbi ýaş sazandalar öz saz maksatnamasyny başdan ahyryna çenli birnäçe gezek täzeden ýerine ýetirdiler. Ýaş sazandalar beýle göwrümli konsert tertibinden ýadan hem bolsalar, örän hoşaldylar. Sergä bu çaglary çagyran guramaçylar hem hoşal galyp, ýaş sazandalary sowgat bilen sylagladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026