HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Pakistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi

Awgust 23, 2024 | 19:15 |11527
Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ Baş direktory Farruh Şahzad Rao bilen duşuşyk geçirdi.Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ Baş direktory Farruh Şahzad Rao bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: nlc.com.pk

Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ Baş direktory Farruh Şahzad Rao bilen duşuşyk geçirdi.

23-nji awgustda, anna güni DIM-iñ binasynda geçirilen duşuşygyñ dowamynda türkmen-päkistan gatnaşyklaryñ wagtyñ geçmegi bilen has-da berkäp, olaryñ geljekde ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleriñ bardygy bellenildi. Hususan-da, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlyga üns çekmek bilen ykdysady meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ ulag syýasatynyñ başlangyjy bilen taraplar halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniñ ösdürilmegi, şol sanda üstaşyr ýükleriñ möçberiniñ artdyrylmagy, gümrük düzgünleriniñ añsatlaşdyrylmagy, sebitiñ ähli ýurtlarynyñ has netijeli ykdysady birleşmesi üçin port infrastrukturasynyñ ulanylmagy boýunça hyzmatdaşlyk mümknçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip DIM-iñ habarlar gullugy habar berdi.


Mundan ozal, 22-nji awgustda Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow FWO Päkistanyñ iri kompaniýasynyñ prezidenti we baş inženeri bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

National Logistics Corporation (NLC) - bazarda 40 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan Päkistanyñ multimodal logistik çözgütleriniñ baş üpjün edijisidir. Kompaniýanyñ esasy wezipesi içki we sebit ýük daşalyşlaryny netijeli dolandyrmak bilen milli ykdysady ösüşe goldaw bermekdir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026