HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Goşgusyndan multfilm döredilen şahyr üçin garaşylmadyk sowgat

Awgust 22, 2024 | 20:45 |2784
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň stendiniň guramaçylary Röwşen Welmiýew we Orazgeldi Ahunow şu gün Aşgabatda öz işini tamamlan Kids Expo sergi-ýarmarkasyna gelen myhmanlarynyň ünsüni çekmek üçin uly iş bitirdiler.Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň stendiniň guramaçylary Röwşen Welmiýew we Orazgeldi Ahunow şu gün Aşgabatda öz işini tamamlan Kids Expo sergi-ýarmarkasyna gelen myhmanlarynyň ünsüni çekmek üçin uly iş bitirdiler.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň stendiniň guramaçylary Röwşen Welmiýew we Orazgeldi Ahunow şu gün Aşgabatda öz işini tamamlan Kids Expo sergi-ýarmarkasyna gelen myhmanlarynyň ünsüni çekmek üçin uly iş bitirdiler. Müdirlik mahabat wideoýazgylaryny düşürmek, gyzykly kitap önümlerini neşir etmek, iki we üç ölçegli multfilmleri döretmek bilen meşgullanýar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň mahabat müdirligi täze multfilmleri döretmeklige döredijiliginden ylham alýan ýazyjylar we şahyrlar bilen, şeýle-de animasion filmleriň sazyny döredýän kompozitorlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar. Şeýlelikde, ýaňy-ýakynda kompozitor Aýna Şirowa täze çykjak mutlfilmiň sazyny döretdi. Günleriň birinde Röwşen Welmiýew onuň toparynyň Hemra Şirowyň “Gowulyk we erbetlik” diýen goşgusy boýunça multfilm taýýarlandygyny oňa aýdyp berdi. Animasion filmi döredijiler şahyra öz taslamasyny täzeçe özboluşly usulda görkezmek çalyşdylar. We Aýnadan şahyr üçin bu sowgady taýýarlamakda ýardam islediler. Sowgadyň maksady hiç bir zatdan habarsyz şahyry Kids Expo sergisine getirip, premýeranyň geçiriljek zalynda tötänden oturtmakdy.

We bellenen günde we sagatda şahyr zalda otyrka, uly ekranda täze döredilen multfilmiň görkezilişi başlanýar, sahnadan bolsa goşgynyň awtorynyň hut özi zaldadygy barada habar berilýär. Sowgat başyna bardy! Tolgunan şahyr Hemra Şirow sahna çykyp, ol ýerde oňa gül çemenleri we sowgatlar gowşuryldy.

22082024-syurpriz-dlya-poeta (2).jpg

Ýeri gelende multfilm barada aýtsak, gyzykly mazmuny, reňbe-reň animasiýa, ajaýyp sazy, hem-de ýokary taýýarlykly seslendirme çagalaryň göwnüne ýarar. Döredijiler Türkmenistanyň multfilm önümçiligini dünýä derejesine çykarmagy meýilleşdirýärler. We muny amala aşyrmak üçin olaryň ähli zerur zatlary bardyr – zehin we ýokary taýýarlyk.

Multfilmiň görkezilişinden soň şahyr žurnalistlere interwýu berdi. Röwşen Welmiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary barada ýakymly sözleri aýdyp, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň mahabat müdirliginiň işine ýokary baha bedri.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026