HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaş nesliň ekologiýa medeniýeti başlangyjy ýaş tebigatçylaryň sanyny artdyrdy

Awgust 22, 2024 | 23:45 |9774
Aşgabatda geçirilen “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalan gyzykly ekologiýa kwest-gözleg oýuny Türkmenistanyň ýaş tebigatçylarynyň sanyny artdyrdy.Aşgabatda geçirilen “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalan gyzykly ekologiýa kwest-gözleg oýuny Türkmenistanyň ýaş tebigatçylarynyň sanyny artdyrdy.
Çeşme: “Ýaş tebigatçy”

Aşgabatda geçirilen “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gurnalan gyzykly ekologiýa kwest-gözleg oýuny Türkmenistanyň ýaş tebigatçylarynyň sanyny artdyrdy.

Çäre ýaş ösüp gelýän nesilde tebigata bolan aýawly gatnaşygynyň we ekologiýa jogapkärçiliginiň kämilleşdirilmegine gönükdrildi, ylmy-öwrediji mazmunly inetraktiw oýun bolsa mekdebe çenli körpelerden başlap uly synplardaky çagalara çenli bolan ähli ýaşdaky çagalary özüne çekdi.

22082024-yunnatov-turkmenistana (3).jpg

Kwest oýnuna gatnaşyjylar, paýtagtymyzyň ýaş raýatlary, tebigat, tebigy gurşawda özüňi alyp barmagyň kadalary we endikleri baradaky bilimler bilen baglanyşykly synaglary höwes bilen geçip, özüniň toparda işlemek we döredijilik ukyplaryny açyp görkezdiler. Kwest oýny ekologiýanyň dürli ugurlaryna bagyşlanan birnäçe “duralgalary” özünde jemledi: haýwanlarynyň aýak yzlaryny bilmekden başlap daşky gurşaw üçin howpsuz ot ýakmak ukybyna çenli.

22082024-yunnatov-turkmenistana (1).jpg

Munuň ýaly çäreler ýaş nesilde çaganyň tebigy bilesigelijiligi arkaly ekologiýa medeniýetini terbiýelemäge mümkinçilik berýär. “Biz çagalaryň ekologiýa meselelerine bolan beýle gyzyklanmalaryny görmäge örän şat. Çagalaryň daşky gurşawy gorap saklamakda öz ornuny bilmek üçin kiçi ýaşdan tebigata bolan söýgini döretmek zerurdyr” – diýip, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň wekili Şirin Žožyýewa belläp geçdi.

22082024-yunnatov-turkmenistana (5).jpg

Kwest oýnuna ähli gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Çaga Gaznasynyň adyndan sowagtlar – mekdep esbaplarynyň toplumy bilen sylaglanyldy. Ýaş ekologçylar üçin bu garaşylmadyk sowgat bolup, munuň ýaly çärelere geljekde hem gatnaşmaklaryna höwes döretdi.

22082024-yunnatov-turkmenistana (4).jpg

Serginiň guramaçylary we Çaga Gaznasynyň hemaýaty bilen gurnalan “Ýaş tebgatçy” jemgyýetçilik guramasynyň ýaş nesliň ekologiýa medeniýeti başlangyjy üstünlikli bolup, onuň geljekde ösüp, isleg bildirýän hyzmatdaşlaryň kömegi bilen has göwrümli ýagdaýda geçiriler diýip umyt etmäge esas berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026