HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin” atly birinji halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

Awgust 19, 2024 | 14:58 |14659
2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin” atly köpugurly halkara sergi-ýarmarkysynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy.2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin” atly köpugurly halkara sergi-ýarmarkysynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin” atly köpugurly halkara sergi-ýarmarkysynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Bu çäre, 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyna çenli Garagum myhmanhanasynyň arkasynda ýerleşýän (A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda “Kids Expo” göçme sergi merkezinde geçiriler.

Sergi çagalar üçin harytlar we hyzmatlar bilen baglanyşykly ähli zatlara bagyşlanýar. Dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin önümler: oýunjaklar, okuw esbaplary, çagalar edebiýaty, saglyk we beden taýdan ösmek üçin önümler, çagalaryň modasy, şeýle hem bilim tehnologiýalary we çagalar üçin internet howpsuzlygy. Ene-atalar täze okuw ýyly üçin zerur zatlary satyn almaga, çagalar üçin tölegsiz esasda ussatlyk sapaklary bilen meşgullanmak, kiber meýdançasyndaky oýunlar we dürli şüweleňli maksatnamalara gatnaşmak üçin gurnalan mekdep bazary serginiň esasy meýdançasynyň biri boldy.

Dört günüň dowamynda sergi kiçi ýaşdaky myhmanlaryny we ene-atalaryny robot tehnikasynyň ýaryşlary, gözbagçylaryň we animatorlaryň çykyşlary, düşekçäniň üstündäki görkezişler, akwagrim, açyk 3D çap etmek, şeýle hem ýasamak, surat çekmek we amaly sungat ýaly bilim ussatlyk sapaklary ýaly baý mazmunly maksatnamalary bilen begendirer. Çagalar üçin çalt emedeklemek marafony gurnalar, bu ýerde ýeňiji “Ynamdar” internet marketinden çaga arlyklarynyň bir ýyllyk ätiýaçlygyny sowgat hökmünde alar.

Mundan başga-da, “Kids Expo”-nyň çäginde paýtagtyň öňdebaryjy moda dizaýnerlerinden we “Goç ýigit”, “Mildy Dress” we “Yenme” ýaly meşhur markalardan kolleksiýalary hödürleýän çagalar üçin moda sergileri geçiriler. Ýaş zehinler hem ýatdan çykarylmaýar: olar üçin kitap okamak bäsleşigi, aşpezlik ussatlyk sapaklary we “MINIBOSS BIZNES SCHOOL"-nyň ýaş telekeçileriň çykyşlary bu ýerde gurnalan.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026