HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika gatnaşyklarynyň giňeldilmegini maksat edinýär

Awgust 17, 2024 | 23:20 |10888
“Ählumumy Günortanyň sesi” atly Üçünji sammitiniň ministrleriniň duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksat edinýär.“Ählumumy Günortanyň sesi” atly Üçünji sammitiniň ministrleriniň duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksat edinýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

“Ählumumy Günortanyň sesi” atly Üçünji sammitiniň ministrleriniň duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy Günortanyň ýurtlary bilen ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksat edinýär. Hindistan Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan bu çäre 17-nji awgust, şenbe güni onlaýn görnüşinde geçirildi.

Ahmet Gurbanow bitaraplyk we parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgelerine esaslanýan işjeň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.

100-den gowrak ýurtlaryň wekillerini birleşdiren Sammitiň esasy mowzugy “Durnukly geljek üçin ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek” boldy. Çäräniň esasy maksady ösüp barýan ýurtlaryň derwaýys meselelerini çözmekde özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak ugrunda anyk teklipleriň işlenilip düzülmegidir.

Ministrlik duşuşygynyň dowamynda gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmeklik, halkara söwdasy we daşalyşyň transmilli halkalary ýaly umumy gyzyklanma döredýän mowzuklary ara alyp malahatlaşdylar.

Onlaýn sammitine umumylykda 123 ýurt gatnaşdy. 21 sany döwlet baştutanlary, 118 sany ministrler we 34 sany daşary işler ministrleri, 5 sany köptaraply ösüş banklary gatnaşdy. 10 sany ministrlik duşuşyklary geçirildi.

Hindistan Respublikasy “Ählumumy Günortanyň sesi” atly onlaýn görnüşli sammitini üçünji gezek geçirýär. Ählumumy Günorta diýip Afrika, Latyn Amerika we Karib basseýniň ýurtlary, Ýuwaş umman adalary we Aziýanyň ösüp barýan ýurtlary hasaplanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026