HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahanda "Hazar şu gün" metbugat meýdançasy tanyşdyryldy

Awgust 17, 2024 | 20:25 |9485
16-17-nji awgustda Astrahanda gecirilýän Hazar metbugat maslahatynda "Hazar şu gün" maglumat kontent-meýdançasy bilen tanyşdyrdylar.16-17-nji awgustda Astrahanda gecirilýän Hazar metbugat maslahatynda "Hazar şu gün" maglumat kontent-meýdançasy bilen tanyşdyrdylar.
Çeşme: kaspyinfo.ru

16-17-nji awgustda Astrahanda gecirilýän Hazar metbugat maslahatynda "Hazar şu gün" maglumat kontent-meýdançasy bilen tanyşdyrdylar. TASS habarlar gullugynyñ habar bermegine görä, Astrahan oblastynyñ gubernatoryñ wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Pawel Pautowyñ umumy mejlisde eden çykyşynda maglumat meýdançasy maglumat ýetmezçiligini ýeñip geçmäge we onuñ elýeterliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip aýtdy.

IX Hazar metbugat maslahaty 16-17-nji awgustda Astrahanda geçirilip, Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, şeýle-de Gagauziýadan (Moldowa) we Özbegistandan žurnalistleri, hökümet organlarynyñ we jemgyýetçilik guramalarynyñ wekillerini birleşdirdi.

original_photo-thumb_1920.jpg

"Ilki bilen, ählumumy maglumat söweşinde duşmançylykly kontentiñ we galp maglumatlarynyñ ýaýramagyna garşy göreşmek zerurdyr, giñ auditoriýa üçin dogry maglumatlary ýetirmelidir. Munuñ bilen baglylykda biz "Hazar şu gün" atly halkara Hazar metbugat meýdançasyny hödürleýäris we Hazarýaka döwletleriniñ žurnalistlerini onuñ işine gatnaşmaga çagyrýarys. Biziñ çaklaýyşymyza görä, halkaraçy žurnalistler, işewürler, talyp ýaşlar üçin niýetlenen umumy maglumat meýdançasy maglumat ýetmezçiligini ýeñip geçmäge we onun elýeterliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer" - diýip, Pautow belledi.

Onuñ aýtmagyna görä, bu meýdança täzelikler bilen alty dürli dilde, şol sanda türkmen dilinde hem tanyşmaga mümkinçilik berer. Baş sahypasynda günuñ umumy maglumat şekili suratlandyrylar.

1082024-medialaforma-caspiy.jpg

Şeýle-de Hazar metbugat maslahatynda Hazarýaka ýurtlarynyñ ajaýyplyklary we olaryñ medeniýeti bilen tanyşdyrýan wirtual onlaýn-meýdançasyny döretmek hem teklip edildi. "Hazarýaka ýurtlaryndan başlap, soñra bolsa biraz giñeldip (ýurt sanyny), men Size wirtual meýdançasyny (TASS belligi - ýurtlaryñ medeniýeti barada) döretmek barada teklip edýärin. Esasysy bolsa, maglumatlaryñ dogry we elýeterli bolmagydyr, adamyñ bu ýere girip, ähli gerekli maglumatlaryny tapyp bilmegidir" - diýip, " Sungatda we metbugatda serhetleri aýyrýan sanly tehnologiýalar" atly bölümçede çykyş eden Aqua Trio LLC IT kompaniýasynyñ direktory, "Узбекистан матбуоти" ("Пресса Узбекистана") žurnalynyñ esaslandyryjysy Artur Kan belledi.

Bu meýdança wideo maglumatlary, tekst faýllaryny, wirtual ekskursiýalaryny, hem dürli onlaýn sapaklary öz içine alyp bilerdi, diýip düşündirdi. Munuñ ýaly meýdança "medeniýetleriñ arasyndaky serhetleri aýyrmaga" mümkinçilik bererdi diýip belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026