HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary 19-njy awgustda geçirilýän çagalar üçin sergi-ýarmarkasyna çagyrylýar: ähli gyzykly maglumatlar!

Awgust 16, 2024 | 19:05 |19522
Waka: Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler.Waka: Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler.
Çeşme: kids.turkmenexpo.com

Waka: Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre çaga harytlarynyň we hyzmatlarynyň senagatynda esasy wakalaryň biri bolup, bazaryň bu ugry boýunça kompaniýalara özleriniň goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berer.

2.jpg

Wagty: 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 19-22-si aralygynda.

Geçirilýän ýeri: “Garagum” myhmanhanasynyň arka tarapynda Kids Expo göçme Sergi merkezinde geçiriler (A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň ýanynda).

3+4.jpg

Näme çäreler geçiriler?

5.jpg

Sergi tematikasy ähli ýaşdaky çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň dürli toparyny öz içine alýar. Bu körpeje çagalar üçin niýetlenen harytlar we hyzmatlar, okuw we bilim, oýnawaçlar we ösdüriji esbaplar, çagalar edebiýaty, saglykly iýmitlenme, sport we beden ösüşi, döredijilik we çeperçilik, çaga modasy, çagalar üçin Internet-howpsuzlyk tehnologiýalary, çaga syýahatçylygy we gezelençleri bilen baglanyşykly harytlardyr.

6б.jpg

Serginiň binasyna nädip barmaly, awtoulaglaryň goýulýan ýeri barmy-ka?

Sergä № 1, 3, 22, 33, 68 belgili awtobuslar bilen baryp bolýar, myhmanlar üçin awtoulaglaryň goýulýan ýeri hem göz öňünde tutuldy.

Sergide mekdep bazary bolarmy-ka?

Gürrüňsiz, çagalar palçykdan şekil ýasamak, surat çekmek, amaly sungat boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşan, kiperzolaklarynda oýun döreden wagtlary (ählisi mugt!), ene-atalar pursatdan peýdalanyp, sergidäki mekdep bazarynda okuw ýylyna degişli gerekli zatlary satyn alyp bilerler.

7.jpg

Çagalar üçin başga-da nähili gyzykly çäreler bolar?

Serginiň ähli dört gününde çagalar üçin dürli şowhunly çäreler, öwrediji ussatlyk sapaklary, robot tehnikasy boýunça bäsleşikler, fokusçylaryň we animatorlaryň çykyşlary, görkezme 3D çap etmeleri, porolon şowhuny, akwagrim we beýleki çäreler geçiriler.

imgonline-com-ua-2to1-nqw5keOp2b.jpg

Animatorlar bilen şowhun

12.jpg

Mundan başga-da çagalar milli şaý-sepleriniň, agaçdan we keramikadan önümleriniň ýasalyş wagty halk amaly-haşam sungatynyň ussalarynyň işi bilen tanyşyp bilerler.

13.jpg

Ýarmarkada ýaryşlar we öwrediji çäreler geçirilermi?

Ýaş zehinleriň şowhunly çykyşlary, kitap okamak boýunça ýaryşlar, aşpezlik sungaty we beýlekiler! Ähli gatnaşyjylara ýatdan çykmajak sowgatlar we täsirli duýgylar garaşýar! Türkmenistandaky MINIBOSS BUSINESS SCHOOL bilim edarasynyň ýaş telekeçileri öz işewürlik taslamalary bilen tanyşdyrarlar. Meşhur hünärmenler hünär saýlamak we çagalara ösmekde we öz zehinini açyp görkezmekde nädip ýardam bermelidigi barada aýdyp bererler.

Körpejelere näme garaşýar?

Körpejeler we olaryň ene-atalary çalt emedekleme boýunça marafona gatnaşyp bilerler. Iň çalasyn körpejä Ynamdar marketpleýsdan sowgatlar garaşýar: bütin ýyl boýunça mugt çaga pampers arlyklary! Nirede iýip-içip bolar?

Sergide iki sany dürli tagamly kafeler gurnalar. Mundan başga-da myhmanlar üçin “tagamlaryň ýarmarkasy” taýýarlanylar. Bu ýerde çagalara we ene-atalara ajaýyp süýjülikler, süýjüli hamyr önümleri we süýjülik sowgatly ýörite taýýralanylan kids-bokslar hödürlener.

Ýaş modaçylar üçin çäreler bolarmy-ka?

Hem oglanjyklar, hem gyzjagazlar üçin paýtagtymyzyň iň gowy modelýerleri tarapyndan taýýarlanylan çaga modasynyň görkezilişi bolar. Goç Ýigit, Mildy Dress, Ýenme we beýleki tanymal markalaryň egin-eşikleriniň kolleksiýalary görkeziler.

18.jpg

Harytlary satyn alyp bolarmy?

Elbetde, sebäbi bu diňe sergi däl: bu ýarmarka, şüweleň we baýramçylykdyr!

Sergi-ýarmarkasynyň meýilnamasy bilen sergiň saýtynda we bu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

Goşmaça maglumat üçin info@turkmenexpo.com elektron salga ýazyp bilersiňiz ýa-da +993 63 714983 belgili telefona jaň edip bilersiňiz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026