HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýly lukman 5000 km uzaklykda robotyň kömegi bilen ýarawsyzyň öýkenindäki çişi aýyrdy

Awgust 16, 2024 | 00:40 |17157
Ýokardan suratlandyrma – lukmançylygyň geljegimi? Lukman Lo Sinsýuan 5000 km uzaklykda ýarawsyzyň öýkenindäki çişi aýyrmakda robotlaşdyrylan hirurgiki enjamlaryň ulanylyşyny dolandyrmak üçin çylşyrymly dolandyryş merkezinde bu usuly ulanýar.Ýokardan suratlandyrma – lukmançylygyň geljegimi? Lukman Lo Sinsýuan 5000 km uzaklykda ýarawsyzyň öýkenindäki çişi aýyrmakda robotlaşdyrylan hirurgiki enjamlaryň ulanylyşyny dolandyrmak üçin çylşyrymly dolandyryş merkezinde bu usuly ulanýar.
Çeşme: shine.cn

Ýokardan suratlandyrma – lukmançylygyň geljegimi? Lukman Lo Sinsýuan 5000 km uzaklykda ýarawsyzyň öýkenindäki çişi aýyrmakda robotlaşdyrylan hirurgiki enjamlaryň ulanylyşyny dolandyrmak üçin çylşyrymly dolandyryş merkezinde bu usuly ulanýar.

Lukman Lo Hytaýyň Ýuwaş umman kenarýakasynda ýerleşýän Şanhaý torakal hassahanasyndady. Ýarawsyz bolsa Kaşgarda, Sinzýan-Uýgur awtonom welaýatynda, ýagny Hytaýyň garşy tarapynda, hassahana ýatagynda narkozyň aşagynda ýatyrdy. Operasiýa işi bir sagadyň dowamynda tamamlandy.

Hytaýda işlenilip düzülen 5G Medbot Lo lukmana hereketleriniň dürslügini we onýyllyklaryň tejribesini üç sagat guşaklygyndan geçirmäge mümkinçilik berdi. Öňki ýyllarda oba ýerlerinde tejribeli lukmanlaryň ýetmezçiligi ölüme deňeşdirilýärdi. Indi bolsa oba ýerlerinde müňlerçe adamy halas edip biljek bu operasiýa lukmançylykda telehirurgiýa döwrüni başlatdy.

16082024-robot-Shanghai-Chest-Hospita (1 (1).png

Shanghai Daily habar bermegine görä, Şanhaýyň torakal hassahanasy ýurtda munuň ýaly robotlaşdyrylan opersiýalary geçirýän ilkinji lukmançylyk edarasy hem-de Hytaýda munuň ýaly operasiýalary iň köp geçirýän hassahana hasaplanylýar.

2009-njy ýylda lukman Lo Sinsýuan öýken rak keselini irki derejede aýyrmak boýunça dünýäde ilkinji biryşykly robotlaşdyrylan opersiýasyny geçirdi. Ol da Vinci üçpozisiýaly hirurgiki ulgamyň kömegi bilen geçirildi. Taryhda munuň ýaly ilkinji operasiýa baradaky täzelik Translational Lung Cnacer Research žurnalynda çap edildi. Onda lukman Lo öz tejribesi, ulanýan usulyýeti we işi bilen tanyşdyrdy.

Ilkinji uzak ara operasiýasynyň taýýarlygy hökmünde lukmanyň topary bu operasiýanyň howpsuzlygyny we amala aşyrarlygyny tassyklamak üçin martda haýwanlarda uzak ara robotlaşdyrylan operasiýasyny geçirdi.

16082024-robot-Shanghai-Chest-Hospita (1 (2).jpg

Häzirki wagtda robotlaşdyrylan hirurgiýa ýarawsyzyň endamynda üç-dört kesik goýýar. Bu işi has inwaziw hala getirmek üçin Lo bir kesikli operasiýalarda kömek hökmünde köpelli robotyň ulanylyşyny öwrenýär. Bu täze usulyýetiň kömegi bilen operasiýa wagtynda diametri 4 sm barabar bolan bir kesik ýeterli bolýar. Ýarawsyzlar eýýäm ertesi gün arkaýyn ýöräp bilýärler, bu bolsa olaryň gutulmagyny we hassahanadan çykmagyny tizleşdirýär.

Pes we orta girdejili ýurtlaryň lukmançylyk gazananlary üçin hirurg hünärmenleriň ýetmezçiligi uly böwet bolup durýar. 1,1 mln gowrak hirurglaryň we ondan ýary möçberde anesteziologlaryň barlygynda ýokary girdejili ýurtlarda hem olaryň ýetmezçiligi duýulýar. Lancet žurnalynyň maglumatyna görä, pes we orta girdejili ýurtlarda her 100 000 adama 0,7 hirurg hünärmen gelýär, ýokary girdejili ýurtlarda bolsa 5,5 barabardyr.

Makalada dünýä ilatynyň 48 % dünýäniň diňe bir 20 % hirurgiýa işgärleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýandygy barada hem aýdylýar.

Tejribeli hirurg bolmak üçin on ýyldan köpräk wagt gerek. Roboty bolsa birnäçe aýyň dowamynda eltip gurnap bolýar. Bu bolsa baý ýurtdaky hirurglara has garyp ýurtlarda operasiýalary geçirmäge ýa-da bolsa şol bir ýurduň baý ýerlerindäki hirurglara ýurduň has garyp ýerlerinde operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berer. Her näme-de bolsa, bu hakyktadan hem, özgerişlikli ösüşdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026