HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan we Türkmenistan Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar ugruny ösdürmek barada maslahatlaşdylar

Awgust 11, 2024 | 19:55 |11157
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hem-de Gazagystan Respublikasynyň wise-premýeri Serik Žumangarin ikitarapaýyn duşuşyk geçirip, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdyrlar.Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hem-de Gazagystan Respublikasynyň wise-premýeri Serik Žumangarin ikitarapaýyn duşuşyk geçirip, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdyrlar.
Çeşme: primeminister.kz

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hem-de Gazagystan Respublikasynyň wise-premýeri Serik Žumangarin ikitarapaýyn duşuşyk geçirip, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdyrlar.

Iki ýurduň arasynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip Päkistana we ondan soň Hindistana ýük üstaşyr daşalşyny üpjün edýän Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar ugruny ösdürmek babatynda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

2024-nji ýylyň iýulynda Gazagystanyň, Russiýanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta geçelgesini bilelikde ösdürmek barada Ýol kartasyna gol çekildi, Owganüsti demirýolunyň günbatar ugrunyň ulanylyşy barada hem ylalaşyldy. Gazagystan Respublikasy bu demirýol ugrunyň ýokarky gurluşygy üçin Gazagystanda öndürilen materiallar, pürsler, seplemler, berkitmeler bilen üpjün etmek arkaly Türkmenistan we Owganystan bilen bilelikde Owganystanyň demir ýolunyň Turgundi-Hyrat-Gandagar-Spin-Buldak bölekleriniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardygy barada habar berdi.

11082024-kazahstan-iturkmenistan (2).jpeg

Şeýle-de duşuşykda Turgundi-Hyrat demir ýolunyň gurulmagynyň aýratynlyklary hem-de Turgundi üsti bilen Hytaýa ýük daşalşyny işjeňleşdirmek mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy. Gazagystan Respublikasynyň premýeriniň habarlar gullugynda habar berilmegine görä, taraplar Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran bilelikdäki geçelgeler boýunça hem-de gündogar ugrunda ýükleriň sepsiz daşalmagy üçin umumy logistik operatorynyň döredilmegi barada Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň arasynda ylalaşylan Demirgazyk-Günorta ugry boýunça bäsdeşlige ukyply tarif şertleriniň döredilmeginde alnyp barylýan bilelikdäki işler barada aýratyn bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026