HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedowyň we Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

Awgust 09, 2024 | 18:40 |12631
9-njy awgustda Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň VI Konsultatiw duşuşygy geçirilip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.9-njy awgustda Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň VI Konsultatiw duşuşygy geçirilip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Çeşme: akorda.kz

9-njy awgustda Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň VI Konsultatiw duşuşygy geçirilip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedowa Sammitiň işine gatnaşmagy üçin öz hoşallygyny bildirmek bilen ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk ösdürilmeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn belledi.

"Akorda" saýtynyň habar bermegine görä, Gazagystan Respublikasynyň baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň köptaraply döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda onuň goldawy hem-de berk maksadaokgunlygy üçin hem öz hoşallygyny bildirdi.

09082024-berdimuhamedov-tokayev (3).jpg

“Hökümetler özara söwdanyň möçberini 1 mlrd dollara ýetirmek babatynda işleri alyp barýarlar. Muny amala aşyrmakda ýurtlarymyzyň ähli mümkinçilikleri bardyr. Energetika, senagat, ulag, logistika we beýleki ugurlardan taslamalar durmuşa geçirilýär” – diýip, Tokaýew belledi.

Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe dostlukly kabul edişlik üçin hoşallygyny bildirmek bilen ikitaraplaýyn hyzamatdaşlygynyň çalt depginli ýokary ösüşi barada aýratyn belledi.

“Türkmenistan Gazagystan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär. Ýurtlarymyzyň arasynda işjeň syýasy gepleşikler ýola goýlan, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklar ösdürilýär” – diýip, ýurt baştutany belläp, bu ýylyň güýzünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapar bilen hem-de türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan Halkara foruma gatnaşmagyna garaşylýar.

09082024-berdimuhamedov-tokayev (2).jpg

Duşuşygyň dowamynda ýurt baştutanlar söwda, ykdysady, energetika, nebit-gaz we ulag-logistika ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar. Medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegini meselelerine hem aýratyn üns berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026