HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wengriýada Türkmenistanyň medeniýet günleri umumy mirasyň şanyna baýramçylyk tutýarlar

Awgust 08, 2024 | 18:40 |11834
Budapeştde geçirilýän Wengriýada türkmen medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň mirasy, sungaty we döredijilik däpleri bilen ilkinji gezek tanyşdyryldy. Açylyş dabarasy Çarşenbe güni agşamsyna Wengriýa miras öýünde geçirildi.Budapeştde geçirilýän Wengriýada türkmen medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň mirasy, sungaty we döredijilik däpleri bilen ilkinji gezek tanyşdyryldy. Açylyş dabarasy Çarşenbe güni agşamsyna Wengriýa miras öýünde geçirildi.
Çeşme: MTI

Budapeştde geçirilýän Wengriýada türkmen medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň mirasy, sungaty we döredijilik däpleri bilen ilkinji gezek tanyşdyryldy. Açylyş dabarasy Çarşenbe güni agşamsyna Wengriýa miras öýünde geçirildi.

Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýa ministrliginiň Döwlet kolleksiýa boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Mate Winse iki halkyň arasyndaky özara ruhy baýlaşmasy üçin bu ähmiýetli çäräniň wajyplylygyny aýratyn belläp geçdi.

Bu çäre Wengriýada ýylsaýyn geçirilýän türki dilli halklaryň festiwaly (şüweleňi) bilen gabat gelip, Wengriýanyň we Türkmenistanyň Türki döwletleriniň guramasyndaky synçy hukugyny ýene bir gezek subut edýär. Medeni diplomatiýa ýurtlaryň biri-birine düşünişmegini we umumy medeni kökleriniň öwrenilmegini maksat edinýär.

Açylyş dabarasynyň şanyna Wengriýanyň döwlet folklor (halk) toparynyň we türkmen ýerine ýetirijileriniň çykyşlaryndan ybarat baýramçylyk konserdi geiçirildi. Şeýle-de medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda Wengriýa miras öýünde serginiň gurnalmagy hem meýilleşdirilýär. Etnografiýa kolleksiýasy türkmen sungatynyň ajaýyp nusgalaryny we çeper senedini açyp görkezýär.

Wengriýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Amannazarow Wengriýanyň miras öýünde öz ýurdunuň medeniýeti bilen tanyşdyrmak mümkinçiliginiň bardygyna buýsanç bildirip, iki ýurduň arasyndaky medeni, ykdysady we diplomatik gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça Daşary işler we söwda ministrliginiň döwlet sekretary Bolgarka Illeş iki ýurduň arasyndaky medeni umumylyklar barada belläp geçdi. Şeýle-de ol medeniýetleriň özära düşünişmeklerine ýol açýan Stipendium Hungaricum maksatnamasynyň çäklerinde her ýyl türkmen ýaşlarynyň 20-siniň wenger dilini öwrenmek mümkinçiliginiň bardygyny belledi. “Bu çäre diliň diňe bir serişde däl-de, eýsem binýat hökmünde hyzmat edýän medeni umumylyklarynyň saklanylmaga gönükdriilendir” – diýip nygtady.

Türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak wenger halky üçin halk sungatynda, halk sazynda we aňynda umumy kanunalaýyklyklary düşündirmäge ýardam edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026