HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniñ Baştutanlarynyñ Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Awgust 09, 2024 | 14:15 |10936
Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada iş saparynda bolup, Gazagystan Respublikasynyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiñ başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniñ Baştutanlarynyñ VI Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada iş saparynda bolup, Gazagystan Respublikasynyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiñ başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniñ Baştutanlarynyñ VI Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Çeşme: akorda.kz

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada iş saparynda bolup, Gazagystan Respublikasynyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiñ başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniñ Baştutanlarynyñ VI Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Kärdeşleriniñ öñünde çykyş edip, Gazagystan Respublikasynyñ Prezidenti konsultatiw duşuşyklarynyñ netijeleri sebit hyzmatdaşlygyna ulgamlaýyn, hemme zady öz içine alýan, iñ möhümi bolsa, ylalaşykly häsiýete eýermek bilen, bu gatnaşyklary görlüp-eşidilmedik derejä çykarmaga başardy. Ol Prezidentleriñ hemmesini Merkezi Aziýanyñ howpsuzlygyñ, hyzmatdaşlygyñ, gülläp ösmegiñ giñişligi bolup galmagy üçin ähli tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

"Akordy" habarlar gullugynyñ berýän maglumatlaryna görä, şeýle-de Kasym-Žomart Tokaýew köptaraply hyzmatdaşlygyñ berk ykdysady binýadynyñ döredilmegi ýene-de bir möhüm wezipeleriniñ biri diýip belledi.

"Bilelikdäki iri infrastruktura we ulag taslamalary ýurtlarymyzyñ ykdysady ösüşiniñ täze tapgyrlary bolup biler. Sebitde eýýäm özara bähbitli şeýle nusgalar bar. Gürrüñ Gyrgyzystandaky Kambaratin SEB-1, Täjigistandaky Rogun Suw elektrik bekedi, Gazagystanyñ, Özbegistanyñ, Türkmenistanyñ gaz taslamalary, täze ulag geçelgeleriñ gurluşygy we birnäçe ähmiýetli taslamalar barada aýdylýar.

Serhetýaka sebitlerde söwda, logistika, senagat merkezleriniñ ösüşi ileri tutulýan ugurdyr. Biziñ köptaraply hyzmatdaşlygymyzy oba hojalyk, logistika, dokma we himiýa senagaty, gurluşyk ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça täze ylalaşyklar bilen pugtalandyrmaly" - diýip, Tokaýew belledi.

Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyñIş geñeşini döretmek baradaky teklibini Gazagystanyñ goldaýandygyny nygtady. Onuñ aýtmagyna görä, sebitiñ üstaşyr ulag mümkinçilikleriniñ mundan beýläk ösdürilmegi, şeýle-de Merkezi Aziýa ulag ulgamynyñ ösüşiniñ Toplumlaýyn strategiýasy uly ähmiýete eýedir.

"Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ belli bir derejede gatnaşmagyndaky Hazarüsti halkara ulag ugry, "Demirgazyk-Günorta" geçelgesi, "Halka we ýol" başlangyjy ýaly taslamalara möhüm orun berilýär. Bilelikdäki tagallalaryñ netijesinde "Gazagystan-Türkmenistan-Eýran" demirýol magistraliniñ mümkinçilikleri yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda bu Pars aýlagynyñ ýurtlaryna iñ gysga ýol diylip hasaplanylýar. Günorta Aziýa bazarlaryna ýol açýan Owganüsti demirýolunyñ gurulmagy hem ileri tutulýan ugur hasaplanylýar" - diýip, Gazagystan Respublikasynyñ Baştutany belledi.

Konsultatiw duşuşygynyñ dowamynda Gyrgyzystan Respublikasynyñ Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyñ Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem çykyş etdiler.

Soñunda Gazagystan Respublikasynyñ Prezidenti Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Konsultatiw duşuşygyna indiki başlyklyk etmeginde uly üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026