Merkezi Aziýanyň täzeden galkynyşy – sebitiň ähmiýeti, özara gatnaşyklaryň täze ölçegi we mümkinçilikleri barada


Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde “Merkezi Aziýanyň täzeden galkynyşy: durnukly ösüşiň we gülläp ösmegiň ýolunda” ady bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň makalasy çap edildi.
Makalanyň birinji bölümi ösüş maksatlarynyň bitewiligine bagyşlanan. Makaladan bölek:
“Merkezi Aziýa giňişliginde imperiýalar döredildi we dargadyldy, syýasy hem-de ykdysady modeller ösdürildi, emma özboluşly umumylyk hemişe üýtgewsizlikde sklanylyp galýardy. Biziň halklarymyz asyrlar boýy dürli siwilizasiýalar bilen sazlaşykly gatnaşykda bolupdyrlar.
Hut şonuň üçin hem sebit özüniň etniki, medeni we ruhy özboluşlylygyny saklap, Beýik Ýüpek ýolunyň we umuman Ýewraziýanyň taryhynda esasy orny eýeledi.
Iň täze taryhyň ösüş ýolunda biziň döwletlerimiz köpsanly synaglary we kynçylyklary başdan geçirdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň failed states ýa-da “şowsuz döwletleriň” toparynyň üstüni dolmak baradaky umytsyzly çaklamalar dogry bolup çykmady.
Sebitiň döwletleri özüniň barlygyny ykrar edip, halkara birleşiginde öz mynasyp ornuny eýelediler. Halklarymyzyň agzybirligi we parasatlylygy bilen biz özümiziň çäk bitewiligimizi, erkinligimizi we garaşsyzlygymyzy berkitdik.
Häzirki wagtda sebitiň her bir döwletiniň döwlet gurluşygynda, bazar ykdysadyýetini ösdürmeginde, medeni mirasy dikeltmeginde, milli umumylyklarynyň döredilmeginde ajaýyp tejribe toplandyklaryny bellesek artykmaçlyk bolmaz”.
Ikinji bölüm ösüşiň täze ýolunda sebitiň eýeleýän ähmiýetli oruna bagyşlanan. Esasan hem, bu bölümde halkara syýasatyň işjeň agzasy hökmünde Merkezi Aziýanyň syýasy agramynyň artdýandygy barada “MA+” formatdaky täze gepleşik meýdançalarynyň döremegi hem subut edýändigi hakynda bellenilýär:
“Häzirki wagta çenli bu ölçegdäki ýokary derejeli duşuşyklaryň we sammitleriň 9-y geçirildi. Soňky iki ýylyň dowamynda “MA-RF” (Astana), “MA-HHR” (Sian), “MA-ABŞ” (Nýu-Ýork), “MA-GFR” (Berlin) ilkinji sammitler, Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň iki duşuşygy (Astana, Çolpon-Ata), “MA-AADHG” (Jidda) ilkinji sammiti, şeýle-de “MA-Hindistan” (onlaýn görnüşinde) ýaly sammitleri geçirildi. Şu ýyl Astanada “MA-Ýaponiýa” ilkinji sammiti hem geçiriler.
Beýleki ýurtlaryň, şeýle-de halkara guramalaryň bu ölçegdäki özara gatnaşyklaryna bildirýän gyzyklanmasy artýar. Şeýlelik bilen, dünýä arensynda sebitiň işjeň agzalalygyny pugtalandyrmak üçin möhüm ädimler ädildi.
Merkezi Aziýanyň ösüşiniň ölçegi – döwrebaplaşma we öňdebaryjy bilimlere bolan ymtylşy bilen bilikde gadymyýetden gelýän gymmatlyklaryna bolan ygrarlylygydyr. Bu bolsa öz gezeginde täzelenýän halkara ulgamynda biziň sebitimizi öz-özüne ýeterlikli we abraýly gatnaşyjy hökmünde tanadýar. Häzirki wagta biz Ýewraziýanyň halkara geosyýasy we geoykdysady özgertmeleriniň merkezi hökmünde ornumyzy pugtalandyrmaga çalyşýarys”.
Üçünji bölüm bolsa özara gatnaşyklaryň täze ölçegini açyp görkezýär:
“Sebitiň döwletleri birek-biregiň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewiligine hormat goýmak we döräp biläýjek gapma-garşylyklaryň parahataçylykly ýagdaýda çözülmegi ýaly esasy ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly Merkezi Aziýa ölçegini döretdiler.
Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň Astanada, Daşkentde, Türkmenbaşyda, Çolpon-Atada, Duşenbede 5-si geçirildi. Olaryň netijeleri bolsa artdyrmasyz aýdamyzda, sebitiň birleşme proseslerinde öňegidiji, ulgamlaýyn, we üznüksiz häsiýete eýe bolup, sebit bitewiligini has hem pugtalandyryp, ony görlüp-eşidilmedik derejä çykardy”.
“Bilelikdäki iri taslamalar oňa gatnaşyjylaryna netijeli peýda getirip, Merkezi Aziýa ykdysadyýetiniň ähli gurluşyny üýtgedýär.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan özara söwdanyň we bilelikdäki maýa goýum işiniň täze hereketlendiriji güýji bolup serhetýaka sebitlerde söwda, logistika we senagat merkezleriniň ösdürilmegidir.
Ýurtlarymyzyň ulag we logistika kuwwatynyň durmuşa geçirilmegi strategiki ähmiýete eýe bolýar. Bu ugur sebitiň çalt depginde ösmegi üçin täze daýanç nokady bolar”.
Dördünji bölümde sebit bitewiligini gazanmagyň mümkinçilikleriniň umumy düşünilişi barada aýdyldy:
“Häzirki wagtda ählumumylaşmanyň pese düşmek şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içerki sebit gatnaşyklary sebitde bitewi organizmiň durnuklaşdyrylmagy, şeýle-de özbaşdak siwzilizasiýa ýaýrawy hökmünde onuň özüni gorap saklanylmagy üçin uly wajyplyga eýedir. Birleşdiriji güýç bolup ýurtlarymyzyň we halkalrymyzyň taryhy we medeni umumylygy bilen şertlendirilen “bäşlik” ýurtlarynyň biri-biriniň üstüni ýetirmeklik hyzmat eder”.
Kasym-Žomart Tokaýew ösüşiň täze tapgyrynda birnäçe ähmiýetli maksatlary we wezipeleri barada aýratyn belläp geçdi: Birinji. Uzakmöhletleýin ösüş we progress üçin esasy şert hökmünde diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem ýanaşyk sebitlerde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagy.
Ikinji. Ykdysady kuwwatynyň geljekki ösüşi, bilelikdäki gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy.
Üçünji. Ýer ýüzünde sebitiň ulag, logistika we üstaşyr möhüm merkezleriniň biri bolmaga ähli mümkinçilikleriniň barlygy. Dördünji. Suw, energiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bitewi çemeleşmeleriniň işläp taýýarlamalary.
Bäşinji. Merkezi Aziýanyň iň möhüm we gymmatly baýlygy – akylly, zehinli ýaş nesli.
Altynjy. Dostlukly halklarymyzyň medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny sazlaşdyrmagyň esasynda ýurtlarymyzyň siwilizasiýa umumylyklarynyň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
“Sözüň soňunda, sebit birleşigi – bu diňe bir obýektiw hakykat däl-de, eýsem durmuş zerurlygydygyny bellemek isleýärin. Geosyýasy näbelliligiň we dünýä düzgünleriniň emele gelen modeliniň pese düşmek şertlerinde bu esasy ýeke-täk pragmatik çemeleşmedir. Biziň geljegimiz jebisligiň, özara ynanyşmagyň we dünýä açyklygynyň pugtalandyrylmagyna baglydyr. Hut şu ýörelgeleriň esasynda biz Merkezi Aziýanyň çalt depginde, innowasion we medeni taýdan baý sebit hökmünde täzeden galkynyşyny üpjün edip bileris”.
Makalany dolulygyna bu ýerde okap bilersiňiz.
ORIENT news





