HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara çagalar medeni forumy: ýaş zehinleriň duşuşygy we sanlylaşdyrmagyň täze gözýetimleri

Awgust 10, 2024 | 11:08 |10818
2024-nji ýylyň 22-24-nji awgusty aralygynda 2 müňden gowrak gatnaşyjyny ýygnajak Serçeler depelerindäki Moskwanyň pionerler köşgünde III Halkara medeni forum geçiriler.2024-nji ýylyň 22-24-nji awgusty aralygynda 2 müňden gowrak gatnaşyjyny ýygnajak Serçeler depelerindäki Moskwanyň pionerler köşgünde III Halkara medeni forum geçiriler.
Çeşme: bigasia.ru

2024-nji ýylyň 22-24-nji awgusty aralygynda 2 müňden gowrak gatnaşyjyny ýygnajak Serçeler depelerindäki Moskwanyň pionerler köşgünde III Halkara medeni forum geçiriler diýip, TASS habar berýär. Forum Russiýanyň ähli 89 sebitinden we dünýäniň 15 döwletinden, şol sanda Hindistan, Müsür, Serbiýa, Belarus, Abhaziýa, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň 12 ýaşdan 17 ýaşa çenli çagalara öz gapylaryny açar.

Forumyň maksatnamasy 60-a golaý çäräni şol sanda ussatlyk sapaklaryny, görnükli medeni işgärler bilen duşuşyklary, gezelençleri we beýlekileri öz içine alýar. Forum alty döredijilik ugruna bölünýär, olaryň her birine at gazanan ussatlar gözegçilik edýärler. Mysal üçin, teatr we sirk sungatyna Edgard Zapaşnyý we Sergeý Bezrukow, horeografiýa Ýegor Družinin, edebiýata we žurnalistika Dmitriý Bak, kino we animasiýa Gawriil Gordeýew, muzeý we şekillendiriş sungatyna Ýelene Proniçewa we aýdym-saz ugruna Olga Homowa ýolbaşçylyk edýär.

Şeýle hem, forumyň çäginde medeniýetde sanlaşdyrmak mowzugy boýunça hakaton bäsleşigi, “Medeni diplomatiýa” halkara okuw maslahaty, Russiýada Maşgala ýylyna bagyşlanyp wiktorina we halypalar bilen gatnaşyjylaryň arasynda toparlaýyn medeni bäsleşikler geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026