HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nepesiňi durlaýan türk çaýy

Awgust 03, 2024 | 10:36 |4342
Türklerde myhmanyň ilki hezzeti çaý bolup durýar. Çaýa türk medeniýetinde örän uly ähmiýet berilýär we onsuz bir güni hem göz öñüne getirip bolanok. Türkiýede ertirlik naharyndan agşam naharyna çenli gündelik durmuşda çaý bilen nepesiňi durlamak mümkin.Türklerde myhmanyň ilki hezzeti çaý bolup durýar. Çaýa türk medeniýetinde örän uly ähmiýet berilýär we onsuz bir güni hem göz öñüne getirip bolanok. Türkiýede ertirlik naharyndan agşam naharyna çenli gündelik durmuşda çaý bilen nepesiňi durlamak mümkin.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Türklerde myhmanyň ilki hezzeti çaý bolup durýar. Çaýa türk medeniýetinde örän uly ähmiýet berilýär we onsuz bir güni hem göz öñüne getirip bolanok. Türkiýede ertirlik naharyndan agşam naharyna çenli gündelik durmuşda çaý bilen nepesiňi durlamak mümkin. Ol diñe bir sarp ediji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde-de ony ortaça ýyllyk 1,5 million tonna çaý öndürýän dünýäde iri önüm öndürijileriñ hatarynda görkezmek bolar. «Türk çaýy» 2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizildi. Türkiýe we Azerbaýjan degişli resminamanyñ awtordaşlary bolup çykyş edýärler.

Türkiýede çaý maý-iýun, iýul-awgust we sentýabr-oktýabr aýlarynda, ýagny ýylda 3 gezek ýygnalýar. Onuñ 70 göterimi Türkiýäniň gündogar Gara deñiz sebitinde ýerleşýän Rize welaýatynda, galan 30 göterimi bolsa agzalan sebitiñ beýleki welaýatlary bolan Artwinda, Trabzonda, Orduda şeyle hem Giresunda ösdürilip ýetişdirilýär. Wagtal-wagtal «ýaşyl reñkli altyn» diýlip atlandyrylýan üstüne gar ýagýan dünýäde ýeke-täk çaýlaryñ biri bolan Rize çaýy, «iň tebigy çaý» adyna eýe boldy we geografiki ýerleşişi babatda hasaba alyndy. Onuň gözüňi dokundyrýan reňki, ysy we üýtgeşik lezzeti şähdiñi açýar.

Gündogar Gara deñiz sebitiniň Pokut, Aýder we Anzer ýaly gök bürenjege bürenen ýaýlalarynda mylaýym sergin şemalyň astynda arassa howada wagt geçirmek üçin Rizä gelýän jahankeşdeler, ekin meýdanlarynda ösdürip ýetişdirilýän çaýyñ bol hasylyny ýygnamak bilen muşgullanyp bilerler. Rizäniñ ümmülmez çaý meýdanlarynda çaý oragyna girişeniñden soñra milli lybaslary geýip ýadygärlik surata düşmek bolsa özboluşly däbe öwrüldi. Ýoluñyz düşüp Rizä barsañyz ýerli simit bilen demini alan tagamly çaýlardan lezzet alyp bilersiñiz. Şeyle hem, öýüñizde demlemek ýa-da dost-ýarlaryñyza sowgatlyk üçin bu ýerden çaý satyn alyp bilersiňiz.

Türk çaýy hezzet edilişi bilen hem tapawutlanýar. Ol esasan hem misden, metaldan ýa-da çoýundan ýasalan ıki çäýnekden ybarat bolan kitirde demlenýär. Aşaky çäýnekdäki suw gaýnandan soň ýokarky çäýnege guýulýar we oňa çaý goşulýar. Soňra bolsa aşaky çäýnege ýene sowuk suw guýulýar we suwuň gaýtadan gaýnamygana garaşylýar. Şol wagt içi çaýly bolan beýleki çäýnek ýuwaş-ýuwaşdan demini alyp başlaýar.

Demini alan çaý, gyzgynlygy saklaýan ýüzünde çigildemiñ şekli bolan bulgurlarda äberilýär. Ilki ýokarky çäýnekden çaý guýulýar, soñra çaý ıçýäniň islegine görä aşakydan gaýnag suw goşulýar we çaý bulgurynyñ ýany bilen şeker hem hödür edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026