HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi başlady

Awgust 05, 2024 | 12:00 |9645
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi 1-7-nji awgust aralygynda geçirilýär.Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi 1-7-nji awgust aralygynda geçirilýär.
Çeşme: stom-gor-ul.ru

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi 1-7-nji awgust aralygynda geçirilýär.

Her ýyl Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň başlangyjy bilen dünýäde çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň medeniýetini janlandyrmak, gündelik durmuşda we iş ýerinde çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak maksady bilen her ýyl awgust aýynyň birinji hepdesinde geçirilýär.

Ählumumy derejedäki çäre, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdalary we usullary barada maglumat ýaýratmaga gönükdirilendir.

Bu ýylky hepdeligiň mowzugy “Boşluklary doldurmak: Ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin ähliumumy goldawy gazanmak”. Hepdäniň dowamynda ene süýdi bilen emdirýän enelere goldaw çagyryşlary we her bir ene süýdi bilen emdirýän enäni goldamak üçin maşgalalaryň, jemgyýetiň, ýerli jemgyýetiň we saglyk işgärleriniň muňa öz goşantlaryny goşup biljekdigi aýdylýar.

2018-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýasy saglygy goramak boýunça möhüm çäre hökmünde Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligini döretmek teklibini goldaýan kararnamany kabul etdi.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çagalaryň saglygy berkitmegiň we sagdyn ösdürmegiň iň täsirli usullaryndan biridir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy çaganyň ilkinji 1000 günüň dowamynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

11:04 Oktýabr 03, 2026
Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

10:54 Oktýabr 03, 2026
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026