HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Hindistandan Özbegistana barýan ilkinji konteýner otlyny guraýar

Awgust 01, 2024 | 13:33 |11478
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlylarynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar.«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlylarynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar.
Çeşme: «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ tarapyndan berildi

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlylarynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar.

Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemiryollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlylarynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar «Özbegistan-Türkmenistan ondan aňryk üçünji ýurda» geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny guramak üçin her ýurtda jogapkär logistika kompaniýalaryny bellemek barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, 20 (ýigrimi) TEU konteýnerinden (ýük - keramiki plitalardan) ybarat otlusynyň birinji topary, Bender-Abbas portundan Sarahs ugry boýunça aňyrky nokady bolan Çukursaý (Özbegistan) demir ýol menzilinde üstünlikli iberildi.

Şeýle hem, «üçünji» ýurtlara degişli bolan wagonlarynyň, GDA ýurtlarynyň wagonlaryna Sarahs demirýol menzilinde ýüklemegiň ýokary derejesini görkezendikleri bellenmäge mynasypdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026