HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

26-njy iýulda Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Iýul 27, 2024 | 10:52 |12348
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy

2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň dowamynda ýokary derejedäki meýilleşdirilen saparlara we duşuşyklara aýratyn üns berdiler.

Bulardan başga-da diplomatlar, ýangyç-energetika pudagyndaky türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerini jikme-jik ara-alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagyň we energetika hem-de ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirilmeginiň ýollary boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlede, taraplar halkara we sebitara gün tertibindäki meseleler barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026