Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Iýul 27, 2024 | 08:30 |9259


ORIENT-iň giňişleýin habar beren Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyran gulluk iş sapary wagtynda geçirilen duşuşyklaryň we maslahatlaryň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we ony işjeňleşdirmek üçin teklipler düzüldi.
Anna güni daşary işler ministri bu başlangyçlary Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
- Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, orta möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek;
- Bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisleriniň azyndan iki ýyldan bir gezek guralmagyny ýola goýmak, onuň mejlislerine işewürler toparlarynyň, ylmy edaralaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekillerini gatnaşdyrmak;
- Kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik guralyny döretmek.
- Energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek;
- Türkmen diplomatlaryny Pakistanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralýan okuwlara ibermek bilen hünär derejesini ýokarlandyrmak we özara peýdaly tejribe alyşmak;
- Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Pakistanyň resmi dili we bu ýurtda ýaşaýan halklaryň milletara aragatnaşyk dili bolan urdu dili bölümini açmak.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine olary durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
ORIENT news




