HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistan bilen aragatnaşygy giňeltmäge çagyrdy

Iýul 23, 2024 | 21:55 |14057
Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlardaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge çagyrdy.Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlardaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge çagyrdy.
Çeşme: radiogov.pk

Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlardaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge çagyrdy.

Pakistanyň Prezidentiniň Yslamabatdaky - Aýwan-e-Sadr - resmi rezidensiýasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşykda Asif Ali Zardari iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitdäki parahatçylyga we abadançylyga esaslanýan umumy düşünje esaslanýandygyny görkezýän hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny aýtdy.

Pakistanyň Maglumat we radioýaýlymlar ministrliginiň metbugat bölüminiň habaryna görä Prezident, ýokary derejeli saparlaryň guralmagy bilen düşünişmegi has hem güýçlendirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara islegiň bardygyny hem belläp sözüniň üstüni ýetirdi.

Päkistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy gowulandyrmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen Pakistanyň Prezidenti, türkmen tarapynyň ünsüni Gwadar portunyň sebit söwdasyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklerine çekdi. Onuň pikiriçe, bu portdan Türkmenistan hem peýdalanyp biler.

Söhbetdeşlikde ähli derejelerde alyş-çalyşlary we gepleşikleri dowam etdirmek, iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýum we medeni gatnaşyklary, şeýle hem medeni we bilim dialoglaryny güýçlendirmek zerurlygy nygtaldy. Ulag aragatnaşygynyň çäginde Owganystanyň üstünden awtoulag ýollaryny we demir ýollary gurmagyň ähmiýeti hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026