HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Mask dünýäde emeli aňa öwretmek üçin iň güýçli klasteri işe girizdi

Iýul 26, 2024 | 14:58 |12037
Amerikaly işewür, “X” sosial ulgamynyň, “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask Memfisdäki maglumat merkezinde dünýäde emeli aňa öwretmek üçin iň güýçli topary işe girizdi.Amerikaly işewür, “X” sosial ulgamynyň, “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask Memfisdäki maglumat merkezinde dünýäde emeli aňa öwretmek üçin iň güýçli topary işe girizdi.
Çeşme: ixbt.com

Amerikaly işewür, “X” sosial ulgamynyň, “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask Memfisdäki maglumat merkezinde dünýäde emeli aňa öwretmek üçin iň güýçli topary işe girizdi.

Işe girizen klasterinde ýagny xAI startapda belleýşi ýaly, täze hasaplaýyş ulgamy GROK emeli aň modeliniň täze wersiýasyny taýýarlamak üçin ulanylar. Ol NVIDIA H100 şekil prosessorynda ulanylar.

“X topary, Nvidia we goldaw kompaniýalary Memfisdaky superklasterde ýerli wagt bilen takmynan 4:20-de tälim alyp başlamagy, xAI toparynynyň ajaýyp işi. Bir RDMA matrisa boýunça 100,000 suwuklyk bilen sowadylan H100 prosessorlary EA öwretmek üçin dünýäniň iň güýçli toparyna öwürýär” – diýip Ilon Mask X sosial ulgamynda ýazdy.

GROK 2 çatbotynyň indiki aýda, GROK 3 bolsa şu ýylyň dekabrynda çykmagyna garaşylýar.

Çeşmede bellenilşi ýaly, Ilon Maska degişli bolan täze emeli aň-klaster startap xAI başlangyjy, tizlendirijileriň sany boýunça ähli TOP500 superkompýuterlerinden ýokarydyr.

xAI ozal programma üpjün edijisi Oracle-dan emeli aňyň okuwy üçin Nvidia çiplerini kärendesine alýardy. Emma indi kompaniýa öz maglumat merkezini gurmak kararyna geldi. Täze maglumat merkezi, Oracle kompaniýasyndan has kuwwatly bolar.
Her H100 tizlendirijisiniň bahasy takmynan 30,000 dollar, eger GROK 2 öwretmek üçin 20,000 H100 ulanylan bolsa, GROK 3 gaýtadan işlemegiň güýjüni bäş esse talap edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026