HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly hereketleri ýazgarýar

Iýul 14, 2024 | 15:40 |9935
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär.Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär.

«Türkmen tarapy güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýar we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär» - diýip, Türkemnistanyň Daşary işler ministrliginiň 14-nji iýulda, ýekşenbe günündäki ýazylan habarynda beýän edilýär.

Şeýle hem habarda «Türkmenistan terrorçylygyň ähli görnüşleriniň ýüze çykmasyna we jemgyýetde dartgynlygy döredýän syýasy süteme garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýär» - diýip habarda bellenilýär. Dünýäniň habar beriş serişdelerinde bellenilşi ýaly, Donald Tramp şenbe güni Pensilwaniýa ştatynda atylan okyň netijesinde köpçüligiň öňünde çykyş etmegini kesdi. Wideo ýazgyda görnüşi ýaly, syýasatçyny gulagy ganly ýagdaýda jan penakärleriniň alyp barýandyklary görünýär. Soňra Tramp gulagyndan ýaralanyp, köp gan ýitirendigini habar berdi. ABŞ-nyň gizlin gullugy sahna tarap birnäçe ok atan şübheli adamyň öldürlendigini habar berdi. Atyşykda bir tomaşaçy wepat boldy, başga-da iki adam agyr ýaralandy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Trampyň sagalmagy üçin ýagşy arzuwlary edýändigini, ýöne bu wakany syýasatçynyň janyna kast etmek synanyşygy diýip atlandyrmak üçin entek ýeterlik subutnamanyň ýokdugyny aýtdy. FBI soňra Trampyň janyna kast etmek synanyşygynyň edilendigini, gullugyň şübheli adamyň şahsyýetini açmaga ýa-da sebäbini aýtmaga taýyn däldigini habar berdi. FBI-niň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň häkimiýetleri jenaýatyň taýýarlanyşy barada öňünden bilmeýärdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026