HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Belgiýaly ýerine ýetiriji bilen döredilen sungat eseri görkezildi (wideo)

Iýul 14, 2024 | 19:05 |19052
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Brýusseliň görnükli ýerlerinde we diplomatik wekilhanada ilçihananyň goldawy bilen düşürilen aýdym-saz wideosyny görkezdi. Türkmenistan barada rep aýdymyna şekilli aýdym döredildi we Toni atly Belgiýaly ýaş ýerine ýetiriji tarapyndan ýerine ýetirildi.Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Brýusseliň görnükli ýerlerinde we diplomatik wekilhanada ilçihananyň goldawy bilen düşürilen aýdym-saz wideosyny görkezdi. Türkmenistan barada rep aýdymyna şekilli aýdym döredildi we Toni atly Belgiýaly ýaş ýerine ýetiriji tarapyndan ýerine ýetirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Brýusseliň görnükli ýerlerinde we diplomatik wekilhanada ilçihananyň goldawy bilen düşürilen aýdym-saz wideosyny görkezdi. Türkmenistan barada rep aýdymyna şekilli aýdym döredildi we Toni atly Belgiýaly ýaş ýerine ýetiriji tarapyndan ýerine ýetirildi.

2.JPG

Çärä ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň institutlary, analitik merkezleriň, dostlukly ýurtlaryň ilçileri we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Ilçi Sapar Palwanow Magtymguly Pragynyň türkmen medeniýeti we milli şahsyýeti üçin ägirt uly ähmiýeti, halkyň ruhy gymmatlyklaryna täsiri barada gürrüň berdi we nusgawy şahyryň eseriň dünýä tarapyndan ykrar edilmegini belläp geçdi. Magtymgulynyň «Ýagşydyr» goşgusyna salgylanyp, Türkmenistanyň medeniýetinden ylham alan Toni, ilçihananyň goldawy bilen beýik şahyryň goşgularyna esaslanýan aýdym döretmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

1.JPG

Şeýle hem dabaranyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ekologiýasy we taryhy boýunça garaşsyz gözlegçi Daria Soýsal hem çykyş edip, Magtymguly Pragynyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem dünýäde halklarynyň arasynda abraýynyň ulydygyna ünsi çekdi. Magtymgulynyň eserleriniň adamyň ahlak terbiýesine, dostluga, parahatçylyga we öz-özüňi ösdürmäge bagyşlanandygyny belläp geçdi. Daria Soýsal türkmen dilinde onuň goşgularyndan setirleri okap geçdi: "Magtymguly, owal özüň düzetgil, Özüňi sen özgelere göz etgil".

5.JPG

Şeýle hem çärä gatnaşyjylara «Turkmenistan Dreams» şekilli aýdymy görkezildi. Ondan soň myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi, tagamlardan dadyp görýärkä Toni türkmen telpegini geýip, dutar bilen milli öwüşgindäki aýdymy ýerine ýetirdi.

4.JPG

Şekilli aýdym Youtube-kanalynda "Owazymcom" platformasynda ýerleşdirildi, ony şu salgyda görüp bilersiňiz.

3.JPG

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026