Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly hereketleri ýazgarýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär.
«Türkmen tarapy güýç ulanmak boýunça bu hereketi aýgytly ýazgarýar we Donald Trampa tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär» - diýip, Türkemnistanyň Daşary işler ministrliginiň 14-nji iýulda, ýekşenbe günündäki ýazylan habarynda beýän edilýär.
Şeýle hem habarda «Türkmenistan terrorçylygyň ähli görnüşleriniň ýüze çykmasyna we jemgyýetde dartgynlygy döredýän syýasy süteme garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýär» - diýip habarda bellenilýär. Dünýäniň habar beriş serişdelerinde bellenilşi ýaly, Donald Tramp şenbe güni Pensilwaniýa ştatynda atylan okyň netijesinde köpçüligiň öňünde çykyş etmegini kesdi. Wideo ýazgyda görnüşi ýaly, syýasatçyny gulagy ganly ýagdaýda jan penakärleriniň alyp barýandyklary görünýär. Soňra Tramp gulagyndan ýaralanyp, köp gan ýitirendigini habar berdi. ABŞ-nyň gizlin gullugy sahna tarap birnäçe ok atan şübheli adamyň öldürlendigini habar berdi. Atyşykda bir tomaşaçy wepat boldy, başga-da iki adam agyr ýaralandy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Trampyň sagalmagy üçin ýagşy arzuwlary edýändigini, ýöne bu wakany syýasatçynyň janyna kast etmek synanyşygy diýip atlandyrmak üçin entek ýeterlik subutnamanyň ýokdugyny aýtdy. FBI soňra Trampyň janyna kast etmek synanyşygynyň edilendigini, gullugyň şübheli adamyň şahsyýetini açmaga ýa-da sebäbini aýtmaga taýyn däldigini habar berdi. FBI-niň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň häkimiýetleri jenaýatyň taýýarlanyşy barada öňünden bilmeýärdiler.
ORIENT news








