HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Iýul 12, 2024 | 12:48 |9118
2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe  Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýasin Ekrem Serimyň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe  Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýasin Ekrem Serimyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýasin Ekrem Serimyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek nukdaýnazaryndan gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselesi boýunça pikir alyşyldy.

Bulardan başgada, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026