HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kopengagende syýahatçylar ekologiýa taýdan jogapkärçilikli hereketleri üçin sylaglanarlar

Iýul 11, 2024 | 09:25 |8884
15-nji iýuldan başlap, Daniýanyň Kopengagen şäherinde ekologiýa taýdan jogapkärçilikli hereketleri üçin syýahatçylary sylaglarlar diýip, BBC britan ýaýlyma beriş korporasiýasy habar berýär.15-nji iýuldan başlap, Daniýanyň Kopengagen şäherinde ekologiýa taýdan jogapkärçilikli hereketleri üçin syýahatçylary sylaglarlar diýip, BBC britan ýaýlyma beriş korporasiýasy habar berýär.
Çeşme: rus.postimees.ee

15-nji iýuldan başlap, Daniýanyň Kopengagen şäherinde ekologiýa taýdan jogapkärçilikli hereketleri üçin syýahatçylary sylaglarlar diýip, BBC britan ýaýlyma beriş korporasiýasy habar berýär.

Şeýlelikde, ekologiýa taýdan özüni gowy alyp baran syýahatçylar, ýagny awtoulaglaryň ýerine welosipedli we otluda hereket edýän, şäheri arassalamaga goşant goşýan adamlar mugt muzeýe baryp bilerler, gaýygy kärendesine alyp we hatda mugt naharlanyp bilerler.

Kopengageniň ýolbaşçylarynyň täze başlangyjy «CopenPay» diýlip atlandyrylýar. Ol ekologiýa taýdan jogapkärçilikli özüňi alyp barşy şäher edaralarynyň hyzmatlaryny tölemek üçin özboluşly pul birligine öwürmegi maksat edinýär.

Mysal üçin, galyndylary gaýtadan işleýän täze merkeziň üstünde gurlan «CopenHill» emeli lyža eňňidinde typmak isleýänler welosipedli ýa-da otly bilen ol ýere barsalar, mugt lyžada typyp bilerler.

Daniýanyň Milli galereýasyna plastik galyndylar bilen gelen myhmanlar ony sungat eserine öwürmek boýunça ussatlyk sapagyna gatnaşyp bilerler.

Karen Blikseniň muzeýindäki baglary idetmäge kömek edýän syýahatçylar meşhur ýazyjynyň we ertekiçiniň öňki öýüne mugt girip bilerler.

Ozal şäher suw howdany bolan we ýerasty sergi zalyna öwrülen «Sisternde» myhmanlar diňe pyýada ýa-da welosipedli gelendikleri üçin mugt tanyşdyryş gezelenjine gatnaşyp bilýärler.

— Biz syýahatçylygy ekologiýa düşýän agramdan oňyn özgerişler güýjüne öwürmeli diýip, Daniýanyň paýtagt sebitiniň «Wonderful Copenhagen» syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçysy Mikkel Aaro-Hansen aýtdy.

Kopengageniň sýorfing mekdebi sýorfing okuwyndan soň ýarym sagatlap kenary arassalaýan sýorflere mugt günortanlyk hödürlär.

— Bu we beýleki başlangyçlaryň üstünliklerini görkezmek bilen, biz dünýäniň beýleki şäherleriniň ylham aljakdygyna hem-de syýahatçylaryň has durnukly hereketlerini höweslendirmek üçin öz usullaryny tapjakdygyna umyt edýäris, bu bolsa, ahyrky netijede, biziň ählimiz üçin durnukly geljege alyp barar» — diýip, Hansen belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026