Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş sekretary: Türkmenistanyň Bitaraplygy-- parahatçylygyň açary

Iýul 07, 2024 | 22:02 |11375
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. BMG-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşdirilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi.BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. BMG-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşdirilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi.
Çeşme: orient.tm/media.un.org

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. BMG-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşdirilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi.

“Türkmenistan halkara gatnaşyklarda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň Bitaraplygyna ýokary baha berýärin” diýip, Guterriş Aşgabatda žurnalistlere aýtdy.

07072024-gutterrish-neytralitet-turkmenistana-orient (2).jpg

Ol Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip, yglan edilmegi bilen gutlady.

Öňüni alyş diplomatiýasy

BMG-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda döredilmegi guramanyň sebitiň bähbitlerine ygrarlydygyny görkezýär.

“Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunyň gatnaşmagynda Sebit merkezi mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek hem-de umumy çözgütleri işläp taýýarlamak, esasan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de ähli ilatyň bähbidine tebigy serişdeleri dolandyrmak babatynda umumy garaýyşlary kemala getirmek üçin forum bolup hyzmat eder” diýip, ol belledi.

“Men Türkmenistanyň halkyna uly üstünlikleri, ýurduň barha we barha köp adamlarynyň ösüşiň we abadançylygyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp bilmeklerini arzuw edýärin diýip, Guterriş metbugat öňündäki çykyşyny jemledi we – men Türkmenistanyň häzirki zaman halkara bileleşiginde parahatçylygyň hem-de bitaraplygyň möhüm merkezi bolup galmagyny arzuw edýärin” diýdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026