HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Iýul 07, 2024 | 00:52 |10040
Prezident Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Çeşme: irna.ir

Prezident Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bellenilşi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzap gidýän mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, strategik häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentine tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we Prezident Masud Pezeşkiana täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026