HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ŞHG-na agza döwletlerini TAPI we TAP taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamaga çagyrýar

Iýul 04, 2024 | 23:10 |10680
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ŞHG-niň agza döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy bilen Owganystanyň çäginden geçýän gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ŞHG-niň agza döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy bilen Owganystanyň çäginden geçýän gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
Çeşme: inform.kz

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ŞHG-niň agza döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy bilen Owganystanyň çäginden geçýän gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

«ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletlerine Owganystanyň çäginde amala aşyrylýan energetika, kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýäris. Gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada barýar», diýip Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen «ŞHG+» görnüşindäki sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

04072024-project-tapi-at-the-sco-summit-in-astana-turkmenistan (2).jpeg

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysady we durmuş taýdan dikeldilmegine, sebit we yklym işlere çalt we netijeli goşulmagyny üpjün eder, şeýle hem ýurdyň ykdysady we durmuş taýdan dikeldilmegine, diýmek, syýasy ýagdaýyň durnuklylaşmagyna ýardam eder. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň döwlet teleradiosynyň habarlarynda beýan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026