HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Çapar Pay» ykjam goşundysy awiabiletleri onlaýn satyn almagyň iň gowy usulyny hödürleýär

Iýul 05, 2024 | 14:38 |19230
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köpugurly «Çapar Pay» ykjam goşundysynda «Türkmenistan» milli awiakompaniýasynyň içerki gatnawlary üçin awiabiletleri satyn almagyň aňsat usuly hödürlenýär.«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köpugurly «Çapar Pay» ykjam goşundysynda «Türkmenistan» milli awiakompaniýasynyň içerki gatnawlary üçin awiabiletleri satyn almagyň aňsat usuly hödürlenýär.
Çeşme: «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan berildi

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köpugurly «Çapar Pay» ykjam goşundysynda «Türkmenistan» milli awiakompaniýasynyň içerki gatnawlary üçin awiabiletleri satyn almagyň aňsat usuly hödürlenýär.

Munuň üçin ulanyjylara diňe «Google Play-de» we «App Store-da» elýeterli bolan ykjam goşundyny ýükläp almak we «Awiabiletler» bölümini saýlamak ýeterlikdir. Soňra şäheriňi, barjak nokadyňy we uçuşyň senesini görkezmeli.

Programma degişli uçuşlardaky boş orunlary görkezer, ulanyjy öýden çykmazdan, orunlary onlaýn usulda bronlap biler.

Ýolagçy hakyndaky maglumatlar (özüňiz ýa-da awiabilet satyn alyp berýän adamyňyz hakynda) ýatda saklanýar, şonuň üçin geljekde bu maglumatlary gaýtadan girizmegiň zerurlygy ýokdur. Bu ýygy-ýygydan syýahat edýän we yzygiderli bilet satyn alýan adamlar üçin aýratyn peýdalydyr.

Mundan başga-da, «Çapar Pay» ykjam goşundysynda bilet satyn almalarynyň taryhyny hronologiki tertipde görmek mümkindir, bu bolsa ol ýa-da beýleki syýahaty gerek wagtynda ýatlamaga kömek eder.

Goşmaça maglumatlary 075 gysga belgä jaň edip alyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026