HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara söwda merkeziniň wekiliýeti Aşgabatda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Iýul 05, 2024 | 12:10 |8197
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Halkara söwda merkeziniň wekiliýetine Adelina Harunženen we Alekseý Bondarenko girdi.

Hususan-da, taraplar gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň ulanylyşy boýunça okuw tälimlerini we sapaklary, şeýle hem daşary ýurtlara syýahatlary guramak ýaly ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanda elektron nobatlarynyň dolandyryş ulgamyny (eQMS) ornaşdyrmagyň mümkinçiligine garaldy.

Şu ýylyň başynda Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara söwda merkeziniň bilelikdäki «Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýany ýokarlandyrmak» taslamasyna badalga berildi. Bu taslama Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde BSG-niň Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek baradaky ylalaşygy we Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli komiteti konsepsiýasy esasynda döwlet gullukçylary üçin üç günlük okuw çäresiniň geçirilendigini bellemek gerek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026