HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AFCENT sapary ABŞ-Türkmen medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Iýul 03, 2024 | 23:33 |11914
Saparyň dowamynda AFCENT sazandalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirdiler, maýyplygy bolan çagalar üçin çykyş etdiler, olaryň "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezindäki konserti bolsa müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdiSaparyň dowamynda AFCENT sazandalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirdiler, maýyplygy bolan çagalar üçin çykyş etdiler, olaryň "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezindäki konserti bolsa müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdi
Çeşme: ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY

ABŞ-nyň Harby Howa Güýçleriniň Merkezi Serkerdeliginiň aýdym-saz topary (AFCENT) Türkmenistana bäş günlük saparynyň çäklerinde 28-nji iýunda Aşgabat şäherine geldi. Saparyň dowamynda AFCENT sazandalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirdiler, maýyplygy bolan çagalar üçin çykyş etdiler, olaryň "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezindäki konserti bolsa müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdi.

03072024-afcent-in-asgabat (2).jpg

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen amala aşyrylýan bu saparyň dowamynda sazandalar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň orkestri bilen bilelikdäki aýdym-saz çäräsine hem gatnaşdylar.

03072024-afcent-in-asgabat (5).jpg

Baş binasy Dohanyň golaýynda ýerleşýän AFCENT topary Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa boýunça syýahat edýär. Sazandalar jemgyýetçilik konsertlerinde, mekdep ýygnaklarynda, harby çärelerde, ABŞ-nyň ilçihanalarynyň we ilçileriniň diplomatik kabul edişliklerinde çykyş edýärler. Amerikan we halkara ýokary derejeli sazçylyk mekdeplerinde okan dünýä derejesindäki sazandalardan ybarat bolan AFCENT topary dürli diňleýjiler üçin çykyş edip, zehinlerini dürli aýdym-saz görnüşlerinde, şol sanda pop, rok, R&B, country, jaz žanrlarynda görkezmäge çalyşýar.

03072024-afcent-in-asgabat (6).jpg

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, parahatçylygy we düşünişmegi öňe sürmek, amerikan medeniýetini daşary ýurtly diňleýjiler bilen paýlaşmak, bütin dünýädäki adamlar bilen aragatnaşyk saklamak maksady bilen "saz diplomatiýasyny" alyp barýar. Şeýle hyzmatdaşlyklar medeniýetara alyş-çalyşda uly ähmiýete eýedir.

03072024-afcent-in-asgabat (7).jpg

hyzmatdaşlyk Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tomaşaçylara dürli aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we beýleki sungatlardan lezzet almaga mümkinçilik berdi, amerikan we türkmen sungat işgärleri bolsa özara alyş-çalyş arkaly öz hünärlerini baýlaşdyrdylar.

03072024-afcent-in-asgabat (8).jpg

07032024_USEMBASSY_PRESS_RELEASE_ATCH_10_10.jpg

03072024-afcent-in-asgabat (9).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026