Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lahoryň söwda-senagat edarasy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdany ösdürmegi maksat edinýär

Iýul 01, 2024 | 23:28 |9064
28-nji iýunda Lahoryň söwda-senagat edarasynda (LCCI) Türkmenistanyň ilçihanasynyň işjeň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen söwdany ösdürmäge ýardam bermek boýunça Kioskyň açylyş dabarasy boldy.28-nji iýunda Lahoryň söwda-senagat edarasynda (LCCI) Türkmenistanyň ilçihanasynyň işjeň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen söwdany ösdürmäge ýardam bermek boýunça Kioskyň açylyş dabarasy boldy.
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

28-nji iýunda Lahoryň söwda-senagat edarasynda (LCCI) Türkmenistanyň ilçihanasynyň işjeň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen söwdany ösdürmäge ýardam bermek boýunça Kioskyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara LCCI-niň ýolbaşçysy Kaşif Anwar, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hormatly konsullary, Lahoryň işewürlik jemgyýetçiliginiň hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ilçisi Atajan Mowlamow Pakistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi diýlip ilçihananyň saýtynda habar berilýär.

Lahore Chamber of Commerce and Industry-turkmenistan-orient (3).jpg

Tebigy baýlyklarynyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan dürli ugurlarda Pakistan bilen söwda edip bilerdi diýip ilçi belledi. Meselem pakistan tüwini, şekeri, ulag serişdelerini, motosikilleri, ätiýaçlyk şaýlaryny eksport edýär, Türkmenistan bolsa öz gezeginde suwuklandyrylan gazy we nebit önümlerini iberip biler, hususyýetçileriň ugry boýunça hem hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip ilçi belledi.

Kaşif Anwar energetika ulgamyndan başga-da, oba hojalyk pudagyny we dokma senagatyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi. Onuň pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary Pakistanyň dokma senagaty üçin çig maly iberip bilerler, öz gezeginde Pakistanyň oba hojalyk we dokma önümleri Merkezi Aziýanyň bazarlaryna iberilip bilner.

Lahore Chamber of Commerce and Industry-turkmenistan-orient (2).jpg

Ol Pakistanyň işewürleriniň Merkezi Aziýada pakistan harytlary we hyzmatlary üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýändiklerini aýtdy. LCCI Kioskynyň açylmagy ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant bolup durýar diýip Kaşif Anwar belledi.

Lahore Chamber of Commerce and Industry-turkmenistan-orient (1).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026