HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýakyn aýlarda Eýran Türkmenistana söwda attaşesini iberer

Iýul 01, 2024 | 21:45 |9994
Eýranyň söwda ýardam bermek guramasynyň (The Trade Promotion Organization of Iran – TPOI) wekili 20-nji mart-21-nji maý aralygynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda azyk we oba hojalyk önümleriniň söwdasynyň 35 göterim artandygyny habar berdi.Eýranyň söwda ýardam bermek guramasynyň (The Trade Promotion Organization of Iran – TPOI) wekili 20-nji mart-21-nji maý aralygynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda azyk we oba hojalyk önümleriniň söwdasynyň 35 göterim artandygyny habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Eýranyň söwda ýardam bermek guramasynyň (The Trade Promotion Organization of Iran – TPOI) wekili 20-nji mart-21-nji maý aralygynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda azyk we oba hojalyk önümleriniň söwdasynyň 35 göterim artandygyny habar berdi.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Eýranyň söwda ýardam bermek guramasynyň ýolbaşçysy Mehdi Zeýgami Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hemmetaraplaýyn resminamany işläp taýýarlamaga girişilendigini habar berdi.

Mehdi Zeýgami Eýran wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran sapary hem-de Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi barada aýdyp: “Bu sapar örän netijeli geçdi, sebäbi Türkmenistanyň daşary işler ministri hem-de bilelikdäki komitetiň eýran tarapyndan ýolbaşçysy iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hemmetaraplaýyn resminamanyň döretmegiň üstünde işleýärler” diýip belledi.

Zeýgaminiň aýtmagyna görä, ýakyn 4 aýyň dowamynda eýran ýokarda ady agzalan resminamanynyň taslamasyny taýýarlamak üçin Türkmenistana söwda attaşesini ugratmagy meýilleşdirýär.

Ol iki ýurduň gurluşyk serişdeleri, tehniki we inženerçilik hyzmatlary ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini ýöne senagat enjamlary, senagat tehnologiýalary we lukmançylyk enjamlary ýaly ýöriteleşen ugurlarda entäk giň özara gatnaşyklaryň ýola goýulmandygyny belledi. Onuň pikirine görä, türkmen kompaniýalarynyň eýran sergilerine gatnaşmagy şeýle hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026