HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

3-nji iýulda Belarus Garaşsyzlyk gününi belleýär

Iýul 04, 2024 | 09:35 |9238
3-nji iýulda Belarus Respublikasy esasy döwlet baýramyny—Garaşsyzlyk gününi hem-de ýurduň nemes-faşist basybalyjylaryndan azat edilmeginiň 80 ýyllygyny belleýär.3-nji iýulda Belarus Respublikasy esasy döwlet baýramyny—Garaşsyzlyk gününi hem-de ýurduň nemes-faşist basybalyjylaryndan azat edilmeginiň 80 ýyllygyny belleýär.
Çeşme: belta.by

3-nji iýulda Belarus Respublikasy esasy döwlet baýramyny—Garaşsyzlyk gününi hem-de ýurduň nemes-faşist basybalyjylaryndan azat edilmeginiň 80 ýyllygyny belleýär.

1996-nji ýylyň 24-nji noýabrynda ählihalk sala salşygynda belaruslar 3-nji iýulda Garaşsyzlyk gününi baýram etmek baradaky çözgüdi kabul etdiler. Munuň üçin sala salşyga gatnaşyjylaryň 88,18 göterimi ses berdi. Şeýle hem şol ýylyň dekabr aýynda Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň dekreti bilen döwlet baýramy—Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni döredildi.

Şol gün belarus halky mähriban toprakda ýaşamak hukugy üçin göreşen gahrymanlaryny hatyralaýar, öz ýurdunyň garaşsyzlygy üçin söweşen sowet esgerleriniň görkezen edermenliginiň öňünde baş egýär.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurduň ähli künjeklerinde geçirilýär. Minsk şäherinde geçirilýän dabaraly ýöriş esasy baýramçylyk çäresidir.

Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli watandaşlaryna iberen gutlagynda Prezident Aleksandr Lukaşenko bu baýramyň özüniň ägirtligi we ruhy güýji bilen belarus halkynyň köpasyrlyk däpleriniň dowamatyny, harby we zähmet edermenligini hem-de häzirki wagtda gazanýan üstünliklerini özara baglanyşdyrýandygyny belledi.

“Biz ertirki güne ynamly garaýarys hem-de janyny orta goýup Watan goragynda duran, jan aýaman zähmet çeken hem-de çagalarynyň we agtyklarynyň röwşen geljegine ynanan belaruslaryň nesline buýsanşymyz ýaly geljekki nesilleriň hem bize buýsanmagy üçin ähli tagallalary ederis” – diyip, Prezident nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026