HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Nikaraguanyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi.

Iýul 02, 2024 | 01:10 |9075
1-nji iýulda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.1-nji iýulda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.
Çeşme: mejlis.gov.tm

1-nji iýulda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Taraplar kanun çykaryjylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem şol gün Tatýana Daniela Garsiýa Silwa Türkmenistanyň DIM-de kabul edildi. Daşary işler ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa we Nikaraguanyň täze ilçisi ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esas goýujy resminamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin Parlamentara türkmen-nikaragua dostluk toparyny döretmek teklip edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026