HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty geçiriler

Iýun 29, 2024 | 17:50 |9797
Anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz  Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 11-22-nji noýabrynda Baku şäherinde geçjek COP-29 maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görmegine başlamak baradaky teklibini makullady.Anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz  Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 11-22-nji noýabrynda Baku şäherinde geçjek COP-29 maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görmegine başlamak baradaky teklibini makullady.
Çeşme: orient.tm

Anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 11-22-nji noýabrynda Baku şäherinde geçjek COP-29 maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görmegine başlamak baradaky teklibini makullady.

Taýýarlyk görmegiň çäklerinde 22-nji iýulda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň ýanyndaky iş toparyň mejlisini geçimek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem sentýabr aýynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň forumlaryny, noýabr aýynda bolsa Aşgabatda BMG-niň we onuň düzüm bölümleriniň howandarlygynda howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty geçirmek teklip edildi.

DIM-niň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, bu teklipler Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna esaslanýar hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026