HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň agentlikleri Türkmenistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýynyň seljermesini geçirdiler

Iýul 01, 2024 | 10:45 |8535
BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasy BMG-niň Türkmenistandaky beýleki agentlikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylyň mart – iýun aýlary aralygynda Türkmenistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýynyň giňişleýin seljermesini geçirdi.BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasy BMG-niň Türkmenistandaky beýleki agentlikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylyň mart – iýun aýlary aralygynda Türkmenistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýynyň giňişleýin seljermesini geçirdi.
Çeşme: turkmenistan.unfpa.org

BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasy BMG-niň Türkmenistandaky beýleki agentlikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylyň mart – iýun aýlary aralygynda Türkmenistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýagdaýynyň giňişleýin seljermesini geçirdi.

Bu seljerme UNFPA-nyň halkara bilermeni Sýuzanna Dakaş tarapyndan Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip düzülmeginiň çäklerinde geçirildi.

Ol Türkmenistanyň ýaşlar meselesi bilen meşgullanýan esasy ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan alnyp barlan işleriň we resminamalaryň synyny, ýaşlar bilen ýüzbe-ýüz pikir alyşmalaryň netijelerini öz içine alýar. Hasabat Türkmenistanda ýaşlary goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen täsirli milli syýasaty we maksatnamalary işläp düzmek üçin gymmatly gural bolmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem bu syn BMG-niň maksatnamalarynyň ýaşlar ulgamynda ileri tutulýan milli ugurlary we BMG-niň ýaşlar baradaky strategiýasy bilen ylalaşygy gowulandyrmalydyr.

2026 – 2030-njy ýyllarda ýaşlary ösdürmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň işlenip düzülmegine esas döredýän seljermäniň jemleýji netijeleri 11-nji iýulda, Bütindünýä ilat gününde hödürlener.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026