HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkıyänıñ bagy-bossany bolan Ysparta şäherıne hasyl möwsümınde baryp görüñ

Iýun 29, 2024 | 10:53 |12822
«Türkiýäniň - bagy-bossany» diýlip atlandyrylýan Ysparta şäheri soňky ýyllarda ekoturizm merkezine öwrüldi. Jahankeşdeler bu ýere ysy bark urýan uç-gyraksyz gül bakjalaryny we melewşe lawanda meýdanlaryny synlamak üçin gelýärler.«Türkiýäniň - bagy-bossany» diýlip atlandyrylýan Ysparta şäheri soňky ýyllarda ekoturizm merkezine öwrüldi. Jahankeşdeler bu ýere ysy bark urýan uç-gyraksyz gül bakjalaryny we melewşe lawanda meýdanlaryny synlamak üçin gelýärler.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy

«Türkiýäniň - bagy-bossany» diýlip atlandyrylýan Ysparta şäheri soňky ýyllarda ekoturizm merkezine öwrüldi. Jahankeşdeler bu ýere ysy bark urýan uç-gyraksyz gül bakjalaryny we melewşe lawanda meýdanlaryny synlamak üçin gelýärler. Şeýle hem ol Türkiýäniñ meşhur köller zolagyna degişli bolmak bilen, 2023-nji ýylda «syýahat etmek üçin iň gowy 50 ýer» sanawyna girizildi.

Bägülleriñ we lawandanyñ mekany

Türkiýede bägüller barada gürrüň açylanda, ilki bilen, göz öňüňde Ysparta şäheri janlanýar. Dünýädäki gül ýagynyň 65 göterimi bu ýerde öndürilýär. Bägülleri gaýtadan işleýän häzirki zaman zawodlarda saçaklaryñ bezegi bolup durýan lokum, mürepbe, şeyle hem gül suwy, bägül ýagy, atyrlar we kremler ýaly kosmetiki önümler öndürilýär. Maý aýynyñ ahyryndan başlap iýun aýynda hem dowam edýän bägül hasylynyñ gyzgalaňly ýygnalýan döwri hem ýerli ilat üçin hem-de syýahatçylar üçin şatlyk-şüweleñe öwrülýär.

Bägülleriñ önümçiliginde mynasyp orna eýe bolan Ysparta şäheri, soňky ýyllarda lawanda ösdürip ýetişdirmek boýunça hem öňe saýlanýar. Şäheriñ Keçiborlu etrabynyň Kuýujak obasynda ýerleşýän lawanda ekin meýdanlary häzirki wagtda Türkiýäniň lawanda önümçiliginiň 90 göterimini emele getirýär. Asyl görnüşdäki ýa-da guradylan lawandalar kremlere, sabynlara, ýaglara, kolonýa we beýleki önümlere goşulýan önümçilige iberilýär. Lawanda hasyly, bägüller ýygnalandan soň iýul aýynyň ahyryndan awgust aýynyň ortalaryna çenli dowam edýär.

Köller zolagynyñ parlak ýyldyzy

Yspartanyň özüne çekijiligi diňe bägüller we lawandalar bilen çäklenmän, Ortaýer deňziniň basseýniniň töwreginde eýeleýän birnäçe köli bilen hem özüne bendi edýär. Ysparta syýahatyňyzda sebitiñ iň uly köli bolan Egirdir kölüne, şeyle hem tebigatynyň üýtgeşik jadylaýjy güýji bolan Kowada kölüne baryp bilersiňiz.

Egirdir kölünde iki sany ada bar. Birinjisine Jan adasy diýilýär, ýaşalmaýan şol adada köplenç gezelençler we piknikler gurnalýar. Agaç öýleri we darajyk köçeleri bolan ikinji Ýeşil adada bolsa, hristianlar üçin mukaddes ýer hasaplanýan «Aya Stefanos» ybadathanasy bar. Egirdir kölünden başga-da, Wizantiýa döwründe gurlan Egirdir galasyny we 800 ýyl mundan ozal bina edilen Hyzyrbeý metjidini hem görüp bilersiñiz.

Taryh we tebigat bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak üçin gezelenç ýollary

Köller zolagynda pyýada gezelenç edip boljak birnäçe gadymy şäherleriñ bardygyny bellemelidiris. Keramatly Paul we Pisidia mirasy ýollary Yspartanyň arheologiki desgalarynyñ arasynda ýerleşýär. Türkiýäniñ iň uzyn pyýada ýollarynyň biri bolan Saint Paul ugry, Antalýa Pergeden başlap Yspartanyň Çandyr obasyndaky Ýazyly kanýonyna çenli uzalyp gidýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026