HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldular

Iýun 28, 2024 | 11:04 |12211
2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynyň dowamynda Şanhaý şäherinde «COSCO SHIPPING GROUP» hytaý kompaniýasy bilen duşuşyk gurnaldy.2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynyň dowamynda Şanhaý şäherinde «COSCO SHIPPING GROUP» hytaý kompaniýasy bilen duşuşyk gurnaldy.
Çeşme: TULM

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynyň dowamynda Şanhaý şäherinde «COSCO SHIPPING GROUP» hytaý kompaniýasy bilen duşuşyk gurnaldy.

Duşuşygyň dowamynda «COSCO SHIPPING GROUP» kompaniýasynyň konteýner liniýa gatnawyny Türkmenistana getirmek boýunça gepleşikler geçirildi. «COSCO SHIPPING GROUP» konteýnerlerini Türkmenbaşy Halkara portuna getirip, Merkezi Aziýada täze merkezini döretmek bilen, konteýnerleri Gündogar-Günbatar ugurlaryna daşamak boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler alnyp baryldy.

Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda göz öňünde tutulýan esasy ikitaraplaýyn ugurlary, ýagny Hytaý Halk Respublikasyndan Gazagystan Respublikasynyň üsti bilen Türkmenistana we soňra Türkmenbaşy Halkara portunyň üsti bilen dürli ugurlara, esasanda, Ýewropa ýurtlaryna we Ýakyn Günbatara aýry-aýry konteýnerleri daşamak boýunça ylalaşyk gazanyldy.

«COSCO SHIPPING GROUP» Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki halkara ulag we logistika kompaniýasydyr we ol dünýäde umumy ýükleri daşamak boýunça 1-nji ýerde we konteýner daşamak boýunça 3-nji ýerde durýar. Kompaniýa 105 ýurtdaky 356 portlarynda öz işini alyp barýar, şeýle-hem 255 halkara ugurlarynda işleýär. «COSCO SHIPPING GROUP» kompaniýasynyň 20,000 TEU kuwwatly daşaýan Toros we 21,000 TEU kuwwatly Verselem konteýner gämileri ýaly birnäçe mega gämisi bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026