HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Iýun 28, 2024 | 15:30 |11527
2024-nji ýylyň 25-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy2024-nji ýylyň 25-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy
Çeşme: japan.tmembassy.gov.tm

2024-nji ýylyň 25-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary duşuşygyň esasy temalary boldy.

28062024-World Exhibition EXPO – 2025 (1).jpg

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalar we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon tarapy ýurduň EKSPO-2025-e gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, işleriň netijeli guralýandygy we ähli wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildiri.

28062024-World Exhibition EXPO – 2025 (3).jpg

Mundan başga-da, saparyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýumeşima adasynda ýerleşen serginiň geçiriljek meýdançasyna baryp gördüler we Milli pawilýonyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026