HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi

Iýun 28, 2024 | 15:04 |13262
2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady.2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadır Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.

Öz çykyşlarynda gatnaşanlar Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellediler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigini nygtadylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin özygtyýarly döwlet, erkin we bagtly durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026