HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanda geçýän Ýaşlaryň halkara ekologiýa lagerine gatnaşýarlar

Iýun 26, 2024 | 20:40 |10393
23-nji iýunda Samarkantda Halkara ekologiýa lageri başlandy. Şu ýyl bu çärä Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan — Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan gatnaşýan ekoişjeňlere Azerbaýjanyň, Wengriýanyň hem-de Türkiýäniň wekilleri goşuldy.23-nji iýunda Samarkantda Halkara ekologiýa lageri başlandy. Şu ýyl bu çärä Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan — Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan gatnaşýan ekoişjeňlere Azerbaýjanyň, Wengriýanyň hem-de Türkiýäniň wekilleri goşuldy.
Çeşme: Özbegistanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ministrligi

23-nji iýunda Samarkantda Halkara ekologiýa lageri başlandy. Şu ýyl bu çärä Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan — Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan gatnaşýan ekoişjeňlere Azerbaýjanyň, Wengriýanyň hem-de Türkiýäniň wekilleri goşuldy.

«Zamin» halkara jemgyýetçilik gaznasy, Özbegistanyň daşky gurşawy, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri hem-de bilim işini utgaşdyrýan ministrlikleri, Ýaşlar gullugy, ÝUNISEF, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) halkara çäräniň guramaçylary hökmünde çykyş edýär.

Çäräniň maksady ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki mümkinçiligini görkezmekde, ýaş ekoişjeňlere teklipleri we başlangyçlary hödürlemekde hem-de şu sebitlerde ýaşlaryň daşky gurşaw hereketiniň birleşmegine goldaw bermekde jemlenýär.

06_24_20242.jpg

Lagerde seminarlar, howanyň gün tertibindäki häzirki temalar boýunça halkara bilermenler bilen çekişmeler guralar, şeýle hem COP-29 maslahatyna gatnaşmak isleýän ýaş eko-liderleriň hödürlemegi meýilleşdirýän taslamalaryny işläp düzmek meselesi maslahatlaşylar.

Samarkantda “Ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk we medeni miras uniwersitetine gatnaşyjylar işjeň toparlaýyn sapaklardan, seminarlardan we daşky gurşaw taslamalary boýunça çekişmelerden lezzet alarlar, Daşkentde bolsa “Green University” ekomekdebine baryp görerler, şol ýerde ekologiýa ugry boýunça hünärmenleriň sapaklaryny diňlärler.

Çäräniň medeni maksatnamasynyň çäginde gatnaşyjylar Samarkant şäheriniň taryhy gözel ýerlerine — Gur-Emir mawzoleýine, Şahi Zinda ýadygärlikler toplumyna we Ulugbegiň obserwatoriýasyna baryp gördiler.

Bu çäre 30-njy iýuna çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026