HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Iýun 26, 2024 | 19:50 |11892
2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýtmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary I.Baghaturiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýtmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary I.Baghaturiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýtmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary I.Baghaturiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ähli ugurlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagat bilen bellediler, hususan-da iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda medeni alyş-çalyşlaryň möhümdigi hem-de oňyn goşant goşýandygyny nygtadylar.

Ilçi beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýändigini aýtdy.

I.Baghaturiýa Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de, beýik türkmen şahyryna bagyşlanan medeni çäreleriň ýylyň dowamynda Gruziýada hem geçiriljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Gruziýada geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi milli medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, türkmen halkynyň taryhynyň giňden ýaýbaňlandyrmagyna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da baýlaşdyrmagyna, iki ýurduň halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026