HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti OPEK-iň Halkara ösüş forumyna gatnaşdy

Iýun 28, 2024 | 11:10 |9978
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy tarapyndan Awstriýanyň Wena şäherinde guralan üçünji Ösüş forumyna gatnaşdy.2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy tarapyndan Awstriýanyň Wena şäherinde guralan üçünji Ösüş forumyna gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy tarapyndan Awstriýanyň Wena şäherinde guralan üçünji Ösüş forumyna gatnaşdy.

400-den gowrak wekili bir ýere jemlän Forumyň çäklerinde OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti jenap Abdulhamid Alhalifa bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrgyna laýyklykda, Türkmenistan Hökümeti bilen OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy arasynda «Ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnama» gol çekildi.

2024 – 2029-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin niýetlenen bu hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama köptaraplaýyn maliýe ösüş guramalary, şol sanda OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Ol aşakdaky ugurlary öz içine alýar: ulag, senagat, telekommunikasiýa, saglygy goraýyş, bank we maliýe hyzmatlary we beýleki pudaklarda ileri tutulýan taslamalara baha bermek we maliýeleşdirmek; ýurduň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde tehnologiýa parklaryny, ylmy-gözleg merkezlerini, lukmançylyk merkezlerini we beýleki görnüşleri öz içine alýan infrastrukturany ösdürmek üçin maliýe we tehniki goldaw (grantlar) bermek; mükinçilikleri ýokarlandyrmak, bilim we tehnologiýa özgertmeleri üçin tehniki kömek bermek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026