HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Qatar Airways» «World Airline Awards 2024» tarapyndan dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi

Iýun 28, 2024 | 11:15 |10230
Kataryň milli awiakompaniýasy «Qatar Airways» dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi. Kataryň awiagatnadyjysy eýýäm sekizinji gezek «Ýylyň awiakompaniýasy» diýlip yglan edildi, bu bolsa onuň ýolagçylara hödürleýän hyzmatynyň ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.Kataryň milli awiakompaniýasy «Qatar Airways» dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi. Kataryň awiagatnadyjysy eýýäm sekizinji gezek «Ýylyň awiakompaniýasy» diýlip yglan edildi, bu bolsa onuň ýolagçylara hödürleýän hyzmatynyň ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.
Çeşme: arabianbusiness.com

Kataryň milli awiakompaniýasy «Qatar Airways» dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi. Kataryň awiagatnadyjysy eýýäm sekizinji gezek «Ýylyň awiakompaniýasy» diýlip yglan edildi, bu bolsa onuň ýolagçylara hödürleýän hyzmatynyň ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.

«Awiasiýa pudagynyň Oskary» diýlip atlandyrylýan «World Airline Awards 2024» baýragynyň gowşurylyş dabarasy Londonda geçirildi.

Soňky on ýylda Ýakyn Gündogaryň awiagatnadyjysy uly abraý gazandy we özüni global awiasiýa merkezi hökmünde tanatdy.

Kataryň uçarlar parky 230 uçardan ybarat bolup, «A380» kysymly superlaýnerleri, «Boeing 777-300ER», «Boeing 787-8» we «787-9», «Airbus A350-900» we «A350-1000» ýolagçy uçarlaryny, şeýle hem birnäçe kiçi göwrümli uçarlary öz içine alýar.

«Bu «Qatar Airways» üçin buýsançly pursatdyr we bu baýragy zähmetsöýer kärdeşlerim bilen paýlaşmagy uly hormat hasaplaýaryn» diýip, awiakompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Badr Mohammed Al Meýer belledi we bu baýragyň kompaniýanyň deňi-taýy bolmadyk hyzmaty we innowasiýalary üpjün etmeklige üýtgewsiz ygrarlylygynyň subutnamasydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Mundan başga-da, «Qatar Airways» «Dünýäniň iň gowy biznes-synpy», «Dünýäniň iň gowy biznes synply garaşylýan zaly» we «Ýakyn Gündogarda iň gowy awiakompaniýa» ugurlary boýunça iň ýokary baýraklara mynasyp boldy.

Singapuryň milli awiakompaniýasy «Singapore Airlines» ikinji, Dubaýda ýerleşýän dünýäniň iň uly awiakompaniýalarynyň biri bolan «Emirates» üçünji orny eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga «Turkish Airlines», «Lufthansa», «Etihad Airways» girdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026