HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçileri BAE-ne oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýar

Iýun 26, 2024 | 00:37 |26968
Türkmen telekeçileriniň eksport bazarlarynyň geografiýasy ýylsaýyn giňelýär we häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurduny öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew 25-nji iýunda, sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.Türkmen telekeçileriniň eksport bazarlarynyň geografiýasy ýylsaýyn giňelýär we häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurduny öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew 25-nji iýunda, sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.
Çeşme: orient.tm

Türkmen telekeçileriniň eksport bazarlarynyň geografiýasy ýylsaýyn giňelýär we häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurduny öz içine alýar diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew 25-nji iýunda, sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýy 70%-den hem gowrak derejä ýetdi (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan).

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy emirlikleriň kompaniýalaryny türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlyga çagyrmak bilen, bilelikdäki işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda gurluşyk we oba hojalyk pudaklaryny görkezdi. Atagulyýew türkmen telekeçileriň gatnaşmagynda üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalary, 340 golaý desgany we ähli inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyny öz içine alýan “akylly” Arkadag şäheriniň we jemi bahasy 2 milliard 300 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýulan uzunlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny mysal hökmünde getirdi.

Soňky ýyllarda telekeçiler tarapyndan döredilen oba hojalygy we azyk senagatyndaky täze kärhanalar ýurda et we süýt önümleri, gök önümler we miweler, alkogolsyz we şerbetli içgileriniň ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi.

“Biz ýurduň hususy pudagy tarapyndan öndürilen ekologiýa taýdan arassa oba hojalygy we azyk önümlerini Birleşen Arap Emirlikleriniň bazaryna eksport etmäge taýýar" – diýip Nökerguly Atagulyýew aýtdy.

4 Форум (18).jpg

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki wagtda dürli ugurlarda we pudaklarda işleýän takmynan 29 müň adamy birleşdirýär. Ýurtdaky telekeçiler salgyt ýeňilliklerinden peýdalanýarlar. Şeýlelik bilen, oba hojalyk önümlerini öndürijiler ähli salgytlardan boşadylýar. Goşmaça baha salgydy şahsyýetlerden alynmaýar, girdeji salgydy iri kärhanalar üçin girdejiniň 8%-den pes bolup, kiçi we orta kärhanalar we şahsy adamlar üçin dolanyşyk salgydy 2%-de galýar. Türkmenistanyň karz guramalary tarapyndan hödürlenýän ýeňillikli karzlardan başga-da, uzak möhletli karzlar 1% -de berilýär.

Uzak möhletli we ýeňillikli peýdalanmak üçin - 99 ýyl, oba hojalygy we senagat desgalarynyň gurluşygy üçin 39 ýyl ýer bölekleri bilen üpjün edilýär. Bu artykmaçlyklar hususy öndürijilere oba hojalygy, azyk we senagat pudaklaryny ösdürmäge, içerki bazary ýerli önümler bilen üpjün etmäge we eksporty ýokarlandyrmaga uly itergi berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026