ÝUNISEF Türkmenistanda mugallymlaryň we çagalaryň psihiki saglygyny goldamak üçin ählumumy okuw geçirýär


ÝUNISEF tarapyndan başlanan alty hepdelik «Psihiki saglyk we kyn ýagdaýdaky mugallymlar hem-de çagalar üçin we psihososial goldaw (PSPSG)» atly intensiw we ählumumy okuw tamamlanýar. Professional goldawa bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, bu okuw dürli pudaklarda işleýän işgärlere çagalara we terbiýeçilere psihiki saglyk we abadançylyk goldawyny bermäge, şol sanda gender zorluklary bolan ýagdaýynda hem bu goldawy bermäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanda bu okuwa 200-den gowrak hünärmen gatnaşdy. Olaryň hatarynda jemgyýetçilik işgärleri, mekdep mugallymlary, dikeldiş merkezleriniň hünärmenleri, maşgala lukmanlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem-de psihologiýa we jemgyýetçilik ylymlary mugallymlary, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň işgärleri bar.
Okuw alty hepdelik modullardan ybarat bolup, adatdan daşary hem-de adaty ýagdaýlar üçin döredildi. Modullarda psihiki saglygy goldamagyň esasy konsepsiýalary we ähmiýeti, çagalaryň ösüşi we psihososial abadançylygy, terbiýeçini goldamak, jemgyýetçilik derejesinde psihiki saglyk we psihososial goldaw, öň hatarda işleýänler üçin öz-özüne kömek, şeýle hem gender zorluklarynyň we PSPSG-niň kesişmesi ýaly möhüm mowzuklary öz içine alýar.
Gatnaşyjylar okuwyň kömegi bilen gündelik işlerinde psihososial goldaw bermek üçin amaly gurallara erk etmegi öwrenendiklerini bellediler.
Bu ählumumy okuw topary Türkmenistandan hünärmenleri Gazagystandaky kärdeşleri bilen birleşdirip, pikir, bilim we öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Bu başlangyjyň maksady – güýçli we goldaw berýän jemgyýet döretmek arkaly çagalaryň we terbiýeçileriň psihiki saglyk ulgamynda zerur goldaw almagyny üpjün etmekdir.
ORIENT news




